Sepleriň elýeterliligi

Harkiwde türkmen studentleriniň sany azalýar


Türkmenistanly studentler

Türkmenistanly studentler

Ukrainanyň Harkow şäherinde okaýan türkmen studentleriniň sany azalýar.

2016-njy ýylda Harkowyň uniwersitetlerine girmek üçin ýüz tutýan abituriýentleriň, şol sanda daşary ýurtlularyň sanynyň geçen ýylkysyndan azalandygyny Ukrainanyň habar serişdeleri habar berdiler.

Ukrainanyň ”Westi” neşiri, bu ýokary okuw jaýynyň rektory Aleksandr Çerewko salgylanyp, Harkowyň Azyk we söwda boýunça uniwersitetinde 25 ýurtdan gelen studentleriň okaýandygyny, olaryň-de, esasan, türkmenistanly, täjigistanly, azerbaýjanly ýaşlardygyny ýazýar. , http://vesti-ukr.com/harkov/150158-v-harkove-universitety-povysili-cenu-kontrakta

Uniwersitetiň daşary ýurtly studentler boýunça bölüminiň dekany Alina Borysowa soňky döwürde türkmenistanly studentleriň sanynyň azalýandygyny tassyklady. Onuň sözlerine görä, bu ýokary okuw jaýynda Türkmenistandan häzirki wagtda 100 çemesi student bilim alýar.

Alina Borysowa türkmenistanly studentleriň sanynyň azalmagyna ýaşlaryň Türkmenistandan çykmakda çekýän kynçylyklarynyň sebäp bolandygyny belledi. Onuň sözlerine görä, Türkmenistanda daşary ýurtlarda okamak isleýän türkmen ýaşlaryndan nagt pully bank hasabynyň bolmagy talap edilýär.

Harkowyň Azyk we söwda boýunça uniwersitetiniň resmisi türkmen studentleriniň arasynda ykdysadyýet, bank we biznes bilen bagly bilim ugurlarynyň has meşhurdygyny aýtdy. Şeýle-de Alina Borysowa bilimiň ors dilinde berilýändigini, birinji kursda ukrain dilinden sapaklaryň hem göz öňünde tutulandygyny gürrüň berýär.

Harkow Ukrainada daşary ýurtly studentleriň iň köp okaýan şäherleriniň biri hasaplanýar. Ukrainanyň Bilim we ylym ministrliginiň maglumatynda Harkowda 22 müňden gowrak daşary ýurtlularyň okaýandygy habar berilýär. Bu sanawda häzire çenli türkmenistanly studentleriň san taýdan birinji ýerdedigi we olaryň sanynyň 7 084 adamdygy bellenilýär.

Ukrainanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi maglumatyna görä, hususan-da, 2013-2014-nji okuw ýylynyň dowamynda Ukrainada 14 müňden gowrak türkmenistanly student bilim alypdyr.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG