Sepleriň elýeterliligi

Sawçenko prezident bolmaga taýýardygyny aýtdy.


Nadia Sawçenko, Kiýew, 27-nji maý, 2016

Nadia Sawçenko, Kiýew, 27-nji maý, 2016

Orsýetde iki ýyla golaý wagtlap tussaglykda saklanan ukrainaly pilot Nadia Sawçenko ukrainalylar isleýän bolsa özüniň prezidentlige dalaş etmäge taýýardygyny aýtdy.

Sawçenko bu barada tussaglykdan boşadylmagynyň yzýany 27-nji maýda Kiýewde geçirilen ilkinji metbugat-konferensiýasynda aýtdy.

Sawçenko gündogar ukrainada tussag edilen iki sany orsýetli bilen çalyşylmagyndan soň boşadylyp, 25-nji maýda irden Kiýewe barypdy.

Orsýet mart aýynda Sawçenkony gündogar Ukrainada iki sany orsýetli žurnalistiň ölümine gatnaşykda aýyplap, 22 ýyl türme tussaglygyna höküm edipdi. Sawçenko aýyplamalary ret edýär.

Sawçenko 27-nji maýda geçirilen metbugat-konferensiýasynda özüniň harby pilot işine dolanyp barmak isleýändigini, emma Ukraina üçin zerur bolan islendik işi etmäge, şol sanda prezident bolmaga-da taýýardygyny aýtdy.

Orsýetiň Sawçenkony tussag etmegi Kiýew we Günbatar tarapyndan berk tankyt edilipdi.

XS
SM
MD
LG