Sepleriň elýeterliligi

Çeçen sudy iki ukrainalyny tussaglyga höküm etdi


Mykola Karpýugyň we Stanislaw Klyhyň sudy

Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regiony Çeçenistanyň sudy iki ukrain raýatyny 1990-njy ýyllarda çeçen separatistleriniň düzüminde söweşmekde günäli tapdy we olary uzak möhletli türme tussaglygyna höküm etdi.

Çeçenistanyň sudunyň 26-njy maýda çykaran permanyna görä, Mykola Karpýuk 22 ýyllap, Stanislaw Klyh bolsa 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir.

19-njy maýda oturdaşlar ikisiniň-de söweşiji toparyň düzüminde adam öldürmek we adamlary öldürmäge synanyşmak ýaly jenaýatlara baş goşandygy barada netije çykardy.

Derňewçiler olaryň Ukrainanyň milletçi UNA-UNSO toparynyň agzalary bolup, 1994-nji ýylda Çeçenistana barandygyny we çeçen separatistleriniň düzüminde Orsýetiň federal güýçlerine garşy söweşendigini aýdýarlar.

UNA-UNSO Orsýetde ekstremist gurama hökmünde gadagan edildi.

Moskwada ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy Memorial guramasy Karpýugy we Klyhy syýasy tussaglar diýip atlandyrýar.

XS
SM
MD
LG