Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak Tam Trumpyň ýeterlik ses toplamagyna umyt bildirdi


Respublikan partiýasynyň dalaşgäri Donald Trump, Kaliforniýa, 25-nji maý, 2016.
Respublikan partiýasynyň dalaşgäri Donald Trump, Kaliforniýa, 25-nji maý, 2016.

Ak Tam Donald Trumpyň Respublikan partiýasynyň noýabr aýynda boljak prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär bellemegi üçin ýeterlik ses toplandygyna umyt baglady.

Milliarder biznesmen Trump Respublikan partiýasynyň iýul aýynda boljak milli duşşygynda partiýanyň wekili bolmak hukugyny gazanmak üçin zerur 1237 delegatyň sesini toplady.

Trumpyň kandidaturasynyň tassyklanan ýagdaýynda ol öňki döwlet sekretary Hillari Klinton ýa-da wermontly senator Bernie Sanders bilen bäsleşmeli bolar.

Mundan öň prezident Barak Obama halkara liderleriniň Trumpyň eden çykyşlaryndan nägile bolmagyna düýpli esaslarynyň bardygyny belledi.

Trump “Obamanyň işden başy çykmaýar” diýip Trump jogap berdi.

“Biziň ajaýyp dünýämizde ençeme ýurt dolulygyna bizden hyýanatçylykly peýdalanýar we ulanýar” diýip Trump belledi.

XS
SM
MD
LG