Ykdysady taýdan kuwwatly “Uly ýedilik” guramasynyň liderleri eger Moskwa gündogar Ukrainada parahatçylygy gazanmak boýunça Minsk ylalaşygyndaky borçlaryny berjaý etmese Orsýete garşy “indiki çäklendiriji çäreleri görmäge taýýardygyny” duýdurdy.
Orsýetiň Minsk ylalaşygyny doly berjaý eden we Ukrainanyň garaşsyzlygyna hormat goýan ýagdaýynda “sanskiýalar yza çekilip bilner” diýip, ABŞ, Britaniýa, Italiýa, Germaniýa, Fransiýa we Ýaponiýa iki günlük maslahatynyň yzýany 27-nji maýda aýtdylar.
“Biz Orsýetiň Krym ýarymadasyny bikanun anneksiýa etmegini ýazgarýandygymyzy ýene ýatladýarys we muny ykrar etmezlik hem gatnaşanlara garşy sanksiýalar syýasatymyzy ýene nygtaýarys”, diýlip “Uly ýedilik” toparynyň liderleri öz beýannamasynda bellediler.
Kremli Orsýete garşy sanksiýalaryň ýaýbaňlanmagynyň global ykdysadyýetine erbet täsir ýetirip biljegini belledi.
2015-nji ýylyň fewral aýynda Minskde baglaşylan ylalaşyk gündogar Ukrainada hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasyndaky söweşleri azaltmaga ýardam berdi, emma çaknyşyklar wagtal-wagtal dowam edýär. Konflikt zerarly 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri 9300 adam wepat boldy.