Sepleriň elýeterliligi

Döredijilik işinde “1% talant, 99% hem zähmet gerek” diýen kanuna meňzeş düşünje bar.

Az hem bolsa

Edebiýatçy bolanlara ol sözi A. M. Gorkiý aýtdy diýip öwredýärdiler. Soň görsem sazandalar hem kompozitorlar ol sözi P. I. Çaýkowskiý aýtdy diýdiler. Kim bilýär, belki, olaram başga bir akyldara salgylanýandyrlar. Ýöne ony kimiň aýdanynyň parhy ýok. Gep olaryň ikisiniň-de 1% talant gerek diýmeginde.

Şol kanuna eýersek, azda-kände talant bolmasa, hiç bir eser döräp bilmez. Şol iňňän kiçi zerur zadyň ýürekdäki yşk, söýgi ýa-da şoňa meňzeş bir ýiti duýgy bolmagy-da mümkin. Bu barada Magtymguly şeýle diýdi.

Köňül joşa gelmez, til hem sözlemez,

Her ýürekde yşkdan köz hem bolmasa.

Döredijilik işinde zähmetden ýa-da yhlasdan öňürti iň bolmanda 1 göterim talant, ýagny yşkdan közjagaz bolmasa, ýürek joşa gelip bilmejek ekeni.

Höwes hem zehin

Döredijilikde yhlasyň hem zähmetiň orny nämede?

Aýdaly, şol közjagaz bolmaýanda, gowy yhlas hem höwes bilen ýürek joşduryjy senet döredip bolmazmy diýen sowal döreýär. Bu barada Magtymguly şeýle diýipdir.

Yhlas bile bir kämile gol beren,

Ýeter bir menzile, ýetmeýen galmaz.

Diýmek, bir ussada, kämile yhlas bilen gol berip, jan çeken adam bir menzile ýetip bilýär. Emma ol ahyrky ýa-da beýik maksada ýeter diýmändir. Maksada ýetmek üçin, örän uly ýoly geçmek zerur bolsa gerek.

Zähmetiň paýy

Eýsem zähmetiň paýyna näme düşýär?

Belli sazanda Han Aky bir ýola Aşgabada gelende, türkmen radiosynyň sazly gepleşikler redaksiýasyna baryp: “Meniň „Kän güldi” diýen sazym hiç eşidilenok-la?” diýip sorapdyr.

Bölümiň müdiri oňa ol sazyň tötänden öçürilendigini, üstünden ýazgy düşenini aýdypdyr. Sazanda muňz aşa gynanypdyr. Müdir bolsa: “Näme wah-wahlap otyrsyň? Ýaňadan çalaýsana” diýipdir.

Han Aky gözüne ýaş aýlapdyr.

– Nädip ony ýaňadan çalaýyn? Hany ol el? Hany ol ýitilik?

Beýik ussat Mylly aga barada hem şony aýdýarýar. Ömrüniň soňky böleginde barmaklarynyň diýen etmeýäninden zeýrenýän ekeni. Şeýle-de bolsa, ýanyna gelenlere saz çalyp beripdir.

– Muňa halys endik edipdirin. Ýogsa barmaklar diýenimi edenok – diýip, sypaýyçylyk bilen duýdurypdyr.

Talant garraýarmy?

“Talant garramaýar, ýürekdäki köz öçmeýär” diýen bir gürrüň bar. Sebäbi sungat ýürekden inýär. Ynsan göwni bolsa hiç mahal garramaýar diýip düşündirýärler.

– Göwün garramaýar diýilýäni çynmy? – diýip, şahyr Mämmet Seýitden soradym.

– Heý, garramazmy? – diýip, ol janyndan syzdyryp gürläp başlady. – Göwün garramag-a däl, ölübem bilýär. Sen Sergeý Ýeseniniň näme üçin öz janyna kast edenini bilýňmi? E. Hemingueý näme üçin janyny ýeke oka tabşyrdy? Adamyň hyýaly, beýnisi ýaşdan gaty ir garraýar. Bu dörediji adamlara gaty gymmada düşýär.

Talantyň döwri

Han Aky şahyrlara dutar çalyp beripdir. Arasynda gowy gürrüňler bolupdyr. Han aganyň senedine gözi giden şahyr Amandurdy Annadurdy:

– Şu ýaşymda men dutar çalmagy öwrenip bilerinmi? – diýip sorapdyr.

Birsellem oýlanyp oturan Han Aky egnini ýygrypdyr.

– Ukybyň bolsa öwrenersiň, näme öwrenmän. Ýöne çalyp bilmersiň. Sebäbi seniň barmaklaryň bogunlary eýýäm gatan. Indi ol barmak kakuwy-da, perde basmagy-da isleýşiň ýaly etmez. Dutary çagalykda, on ýaşa çenli öwredip bolaýsa… – diýipdir.

Özboluşlylyk barada

Bir ýaş şahyryň gürrüňi boldy. Kimler öwdüler, kimler halamaýanyny aýtdylar. Ahyrynda olaryň barynyň halypasy Kerim Gurbannepesden soradylar.

– Häzir ol öýküniji – başgadan nusga alyjy. Asyl nusga bilen öýkünýäniň arasynda tapawut uly. Onuň haçan öz-özi boljagy belli däl.

Megerem, şertleriň şeýle agyrlygyndan bolsa gerek; saýlanyp barýan zehin aňsat çykyberenok.

Ýöne halkda bir gudratyň bardygyny; onuň aram-aram örän ukyply zehini orta çykarýandugyny aýdýarlar.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG