Sepleriň elýeterliligi

Brýus: “Kadr çalşygy çykgynsyzlygyň netijesi”


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow.


Türkmenistanda “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmänligi” ýa-da “işde goýberen kemçilikleri" üçin diýlip, soňky bir aýyň dowamynda ýokary derejeli resmileriň onlarçasyna “berk käýinç” berildi ýa-da wezipesinden boşadyldy.

Eýse, bu nämäniň alamaty bolup biler?

Azatlyk Radiosyndan Muhammad Tahir bu sorag bilen gyzyklanyp, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça bilermeni Brýus Pannier bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Soňky bir aýyň dowamynda Türkmenistanda dürli wezipelerde işleýän ýokary derejeli ýolbaşçylaryň 30-a golaýy işinden boşadyldy, ýogsa-da olara berk käýinç yglan edildi. Siziň pikiriňizçe, bu nämäniň alamaty?

B.Pannier: Bu ýyl Türkmenistan üçin gaty agyr ýyl boldy. Bu, wezipeden boşadylan ýolbaşçylaryň sanyny alanyňda-da, şeýle bolup çykýar. Bu işde Berdimuhammedow, esasanam, Balkan welaýatyna köp üns berýär.

Mundan ozalam birnäçe gezek şeýle çäreler geçirildi, düýnem wezipesinden boşadylan ýolbaşçylar bolupdyr, bu welaýatda Berdimuhammedowyň göwnünden turmaýan bir zada bar. Bilişimiz ýaly, Balkan nebite baý welaýat, belki bu ýagdaýlar nebit bilen baglydyr.

Şol bir wagtyň özünde-de, [bu ugurda] hiç bir welaýatam Berdimuhammedowyň ünsünden düşenok. Ýöne welin, ýerli häkimiýetleriň Berdimuhammedowyň haýsy talabyny berjaý edip bilmeýändigini çaklamak kyn.

Azatlyk Radiosy: Sebäbine düşünmek kyn diýdiňiz, emma siziňçe, bu ädimler haýsy tarapa ýykgyn edýär? Ýagny problemanyň köki syýasymy, dolandyryş bilen baglymy ýa-da ykdysady ýagdaýlara baryp direýärmi?

B.Pannier: Meniň pikirimçe, bu problemalaryň düýp köki ykdysadyýete barýar. Türkmenistanyň girdeji çeşmesi barha azalýar, şeýlelikde ýurdy dolandyryjylaryň gapjygyna girýän pulam azalýar.

Bu diňe Berdimuhammedowa degişli bir ýagdaý däl, Nyýazowyň döwründe hem ýurtda belli bir planlar orta atylýardy. Umuman aýdylanda, olar başa barmajak ýa amala aşyrylmasy gaty kyn planlardan ybarat bolardy.

Soňra, gürrüňi edilýän şol planlaryň başa baryp-barmazlygy prezidenti gyzyklandyrmaýar, ol diňe şol planyň doldurylmagyny talap edýär. Haçan-da şol tabşyryk başa barmasa, prezident degişli ýolbaşçylary wezipelerinden çetleşdirip başlaýar.

Azatlyk Radiosy: Şeýle çäreleriň häzirki döwürde has ýygylaşmagy nämäni aňladýar?

B.Pannier: Elbetde, bu çäreleriň häzirki döwürde ýygylaşmagy hem ýaňky teoriýany güýçlendirýär. Häzir ýurduň agyr ykdysady şertleri başdan geçirýändigini hemmämiz bilýäris. Şeýle pursatda, eger kimdir biri gowy iş edip, üstünlik görkezse, ol sylaglanaýjak ýaly, emma onuň deregine Berdimuhammedow ýolbaşçylary ýekän-ýekän wezipesinden aýyrýar.

Onuň diýjek bolýan zady, ine, meniň tabşyrygym, eger ony berjaý etmeseň, sen wezipäňden boşadylarsyň diýýär, hatda olaryň arasynda türmä basylýanlaram bar. Elbetde, olara köplenç toslama aýyplamalar ýöňkelýär.

Azatlyk Radiosy: Prezidentiň saýlap alan bu ugrunyň netijeleri nähili bolýar, ýagny [haýsydyr bir] meseläni çözýärmi?

B.Pannier: Ýok, bu ýagdaý oňyn netije bermeýär. Sebäbi işini bilýän adamlara, hötdesinden gelip bolmajak tabşyryk bereniňde, elbetde, ol başa barmaýar. Soňam prezident, sen işiňi başarmadyň diýip, ol adamy wezipesinden boşadýar. Şeýlelikde işini başarmaýan kadrlaryň ýokary wezipelere bellenip başlanmagyna ýol açylýar.

Işiniň ussady bolmadyk adamlaryň esasy maksady – eýdip-beýdip, öz wezipesinde galmak, onsoň işbilmez başlyklar beýlekilere zulum-sütem edip başlaýarlar. Eger muny pagta meýdanlarynyň mysalynda aýtsak, onda gürrüňi edilýän ýolbaşçylar adamlary 10-12 sagatlap pagta meýdanlarynda işledýärler.

Onuň bilen hem oňman, çagalar hem pagta meýdanlaryna sürülýär. Sebäbi onuň ýaly başlyklaryň ýeke-täk maksady - berlen plany dolmak.

Şol ýolbaşçylar, çem gelen ähli adamlary pagta meýdanlaryna sürenligi üçin, belki, buýrulan plany dolandyr. Emma pagta meýdanlaryna sürlen adamlaryň işleýän edaralarynyň işi ýatyp galýar. Netijede [bu iş stili] garaşylan gowy netijäni bermeýär.

Aýtjak bolýanym, iň başda ýolbaşçylardan edilýän talaplar çakdanaşa bolmaly däl, şeýle-de haýsydyr bir ýolbaşçy işini başarmasa, onda ol “biz elimizden gelenini etdik, emma plan dolmady” diýip aýtmagy başarmaly we Berdimuhammedow hem şol jogap bilen kanagatlanmaly. Emma Türkmenistanda ýolbaşçynyň iş stili beýle däl.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG