Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sawçenko: Ukraina üçin ähli zady ederin


 Nadia Sawçenko, Kiýew, 27-nji maý, 2016.
Nadia Sawçenko, Kiýew, 27-nji maý, 2016.

Orsýetde iki ýyla golaý ýesirlikde oturan ukrain piloty Nadia Sawçenko, eger-de ukrainalylar islese, özüniň prezidentlik ugrundaky bäsleşige gatnaşmaga hem taýýardygyny aýdýar:

"Geliň şeýle gürleşeliň: ukrainalylar, eger size meniň prezident bolmagym gerek bolsa, bolýar, men prezident bolaryn" diýip, Sawçenko 27-nji maýda, azatlyga çykaly bäri, özüniňKiýewde geçiren ilkinji metbugat ýygnagynda aýtdy.

«Ýöne men öz adamlarymyz eýýäm garaşsyz, ses satyn almazdan saýlaw geçirmegi hakykatdan hem öwrenendir diýip pikir etmeýärin. Dogrusyny aýtsam, men prezident bolmak isleýän diýip aýdyp biljek däl. Men Ukrainanyňharby howa güýçleriniň hatarynda uçmagy gowy görýärin. Emma zerur bolsa, men islendik işi ederin» - diýip, Sawçenko aýtdy.

Sawçenko gündogar Ukrainada ele düşen we separatistleriň hatarynda söweşendikleri üçin ýyl kesilen iki orsýetli bilen çalşylanyndan soň, 25-nji maýda Kiýewe geldi.

"Biz başgalaryň oýunjagy däl"

«Men türmede mahalym rus telewideniýesine tomaşa edip, bir zada göz ýetirdim: Orsýet we onuň hökümeti dünýä, hamala diýersiň, ol diňe iki ýurtdan durýan ýaly, Orsýetden we Birleşen Ştatlardan ybarat ýaly seredýär. Ýer togalagynyň galan bölegi bolsa olaryň bähbit meýdanymyşyn. Gynansak-da, Orsýet muny şeýle görýär. Emma biz, Ukraina ýa Gürjüstan hem, öz bähbitleri bar bolan ýurtlar ahyryn. Biz kimdir başga birleriniň oýunjaklary, kimdir başga birleriniň bähbitleri däl» diýip, Sawçenko aýtdy. «Biz hakyky adamlar we hakyky ýurtlar bolup durýarys, biz janly adamlar we janly ýurtlar» - diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ol soňra Ukrainanyň milli goşunynyň ýagdaýyndan söz açyp, bu pudakda ozaly bilen korrupsiýanyň soňuna çykmagyň zerurdygyna ünsi çekdi:

«Men, tylymyzyň talanmazlygy üçin, goşun meselesinde işlärin. Men ukrain goşunyndaky korrupsiýa aňryýany bilen belet. Men muny on ýyl bäri bilýärin. Men muňa garşy nähili göreşmelidigini hem, bu ugurdaky söweşiň mümkin boldugyça çalt gurulmalydygyny hem bilýärin» -diýip, Sawçenko aýtdy.

Dil we gadaganlyk meselesi

Ol rus we ukrain dilleri barada hem durup geçdi:

«Dil barada aýdylanda, men çagalygymdan bäri ukrainçe gepleýärin. Men sowet döwrüni, ejemiň, kakamyň, maşgalamyň ukrainçe gepleýän wagtyny şindi ýadymdan çykaramok. Biz ol döwri ýatdan çykaramyzok, olaram ýatdan çykaranok, men hem ýatdan çykaramok - adamlar menden «Sen näme üçin ukrainçe gürleýäň? Sen näme obalymy?» diýip sorardylar.Bu edepsizlik dälmi?” diýip, Sawçenko indi Ukrainada rus dili gadagan edilende, ukrain diliniň gadagan edilen döwrüniň näme üçin ýatladylmaly däldigini sorady.

Şeýle-de ol has kän ukrain telekanalynyň, has kän ukrain dilinden gürlenmeginin zerurdygyny nygtady we rus diliniň hiç bir jähtden berk gadagan edilmeli däldigini, «ony näçe kän gadagan etdigiňçe, şonça-da kän zyýan boljakdygyny» aýtdy.

Sawçenko mart aýynda, hamala gündogar Ukrainada öldürilen iki rus rus žurnalistiniň ölümine dahyllylykda, 22 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.
Ol özüniň bu hadysa ol ýa-da beýleki görnüşde haýsam bolsa bir gatnaşygynyň bolandygyny ret etdi.

Sawçenko 27-nji maýdaky metbugat konferensiýasynda özüniň harby pilot hökmündäki işine dolanyp barmak isleýändigini aýtdy, emma Ukraina üçin zerur bolan islendik işi etmäge, şol sanda prezident bolmaga taýýardygyny gaýtalap aýtdy.

Sawçenkonyň tussaglykda saklanmagy we sud edilmegi Moskwanyň gündogar Ukrainadaky konfliktde oýnaýan roluna tankydy garaýan Kiýew we günbatar hökümetleri tarapyndan ýazgaryldy. Mälim bolşy ýaly, bu konflikt Orsýet Ukrainanyň Krym ýarymadasyny harby ýol bilen ele geçireninden soň möwjäp galdy.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG