Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň aýgytly güni  


Gazak güýçleri ýüzlerçe adamy tussag etdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:34 0:00

Gazak güýçleri ýüzlerçe adamy tussag etdi

Gazagystanyň garaşsyzlyk ýyllaryny göz öňüne tutup aýdanymyzda, 21-nji maý ýurtda tapawutly bir gün boldy. Şol gün hökümetiň žurnalistlere we aktiwistlere entek görlüp-eşidilmedik derejede basyş edendigine garamazdan, ýüzlerçe adam hökümetiň ýer baradaky täze kanunyna garşy proteste çykdy.

Demonstrasiýalarda ilki diňe ýer meselesi gozgalan hem bolsa, soňy bilen adamlar başga, şol sanda ykdysadyýet, işsizlik meselelerini hem gozgadylar, hat-da Nazarbaýewiň ýolbaşçylygyny tankyt edip başladylar. Emma günüň soňynda protestçiler, ýer meselesi baradaky talaplary bilen bagly, hökümeti eglişik etmäge mejbur etdi.

Şol gün näme boldy? Adamlar ýer reformasyndan başga nämelere nägileligini bildirdiler? Näme sebäpden häkimiýet aljyraňňy ýagdaýya düşdi? Bu ýagdaýlar Gazagystanyň gelejegi nukdaynazaryndan nämäni aňladýar? Şeýle-de, şol protestlerden kim nähili netije çykarmaly?

“Mejlisiň” bu günki sanynda hut şu we beýleki soraglar dogrusynda pikir alyşylýar.

“Mejlisiň” myhmanlary:

Joanna Lillis: Eurasianet neşiriniň Merkezi Aziýa boýunça habarçysy;

Aigerim Toleukhanova : “Conwoy Bulletini” atly neşiriň Gazagystandaky habarçysy;

Bruce Pannier: Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa meselelerine bagyşlanyp taýýarlanýan “Kişlog owazy” blogunyň redaktory.

Programmany Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhammad Tahir alyp barýar.

Gepleşigi diňlemek üçin aşakdaky düwma basyň.

Gazagystanyň aýgytly güni
please wait

No media source currently available

0:00 0:24:00 0:00

XS
SM
MD
LG