Sepleriň elýeterliligi

Waşington: YD-nyň 70 soweşijisi öldürildi


Fallujadan gaçýan adamlar

Fallujadan gaçýan adamlar

Waşington ABŞ ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň howa hem-de top zarbalary netijesinde «Yslam döwleti» ekstremist toparynyň 70 söweşijisiniň, şol sanda yrak şäherindäki lideri Maher Al-Bilawiniň öldürilendigini aýdýar.

ABŞ-nyň ýaragly güýçleriniň sözçüsi Steve Warren 27-nji maýda Bagdatda soňky dört günde gabalan şäherdäki nyşanalara 20 zarbanyň urlandygyny, YD-nyň söweş pozisiýalarynyň we ot açyş nokatlarynyň weýran edilendigini aýtdy.

Bagdatdan 50 km uzaklykda ýerleşýän Fallujany yzyna almak ugrundaky söweş şu hepdäniň başynda başlandy.

500 we 1000 aralygyndaky YD söweşijisi Fallujany elde saklaýar, şäherde 50 müň çemesi ilat çykyp bilmän galdy.

XS
SM
MD
LG