Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ruhany Fallujadaky raýatlaryň goragyna çagyrýar


Aýatolla Ali al-Sistani
Aýatolla Ali al-Sistani

Yrak şaýylarynyň ruhy lideri Falluja şäherini «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerinden yzyna almak ugrunda söweşýän yrak güýçlerini ol ýerde galan asuda adamlaryň goragyny üpjün etmäge çagyrdy.

Aýatolla Aly al-Sistani «bigünä adamlara zyýan ýetmeginiň öňüni almak duşmany nyşana almaga garanda hem has möhüm» diýdi. Onuň bu sözleri 27-nji maýda, Kerbala şäherindäki juma namazy mahalynda, ruhy lideriň wekili Ahmed al-Safi tarapyndan halka ýetirildi.

Hukuk toparlary hem Fallujada galan on müňlerçe asuda adam barada alada bildirdiler.

Falluja iki ýyldan gowrak wagt bäri YD-nyň elinde, jeňçiler asuda ilatyň yrak we koalisiýa güýçleriniň agyr bombalamasyna sezewar bolýan şäherden gaçyp çykmagynyň öňüni alýarlar.

Fallujany yzyna almak ugrundaky söweş 23-nji maýda başlandy.

XS
SM
MD
LG