Sepleriň elýeterliligi

Tähran, Riýad haj meselesinde ylalaşmaýar


Haj zyýaratynda ölen adamlar, 14-nji sentýabr, 2015

Haj zyýaratynda ölen adamlar, 14-nji sentýabr, 2015

Saud Arabystany we Eýran eýranlylaryň Mekgä ýyllyk haj zyýaratlaryny amala aşyrmagy meselesinde ylalaşyp bilmedi.

Iki ýurduň resmileri bu meseledäki petikde bir-birlerini aýyplaýar. Saud resmileri Eýrany 27-nji maýda, eýranlylaryň talaplaryna görä çözgüt teklip edendiklerine garamazdan, gepleşiklerden çykyp gitmekde aýypladylar.

Olar käbir meselelerde, aýdaly, saud diplomatik missiýalary Eýranda ýapyk bolansoň, eýranly zyýaratçylaryň çap edip biljek elektrik wizalaryny ulanmaklary barada ylalaşyga gelendiklerini aýtdylar.

«Eýran raýatlary şu ýyl haj zyýaratyna gidip bilmeseler, Eýran hökümeti allanyň we öz halkynyň öňünde günäkär bolar» diýip, Saud Arabystanynyň zyýarat edarasy aýtdy.

Eýranyň zyýarat edarasynyň başlygy Saýeed Ohadi bolsa, «birleşen bir kararyň ýoklugy» üçin, saud resmileri bu meseledäki ylalaşygy gijikdirýärler diýdi.

Eýran resmileri, howpsuzlyk çäreleri kepillendirilýänçä, eýranly zyýaratçylaryň Saud Arabystanyna iberilmejegini wada beripdiler. Geçen ýyl haj zyýaraty mahalynda bolan basa-baslykda azyndan 460 eýranly öldi.

XS
SM
MD
LG