Sepleriň elýeterliligi

German ministri rus sanksiýalaryny kemeltmeli diýýär


 Frank-Walter Steinmeier

Frank-Walter Steinmeier

Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier, eger Moskwa Ukrainadaky konflikti ýatyrmakda öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirip başlasa, ÝB Orsýete garşy girizen sanksiýalaryny kem-kemden azaltmaly diýýär.

"Men ol ýerde iýunyň aýagyna çenli progres bolmagyna umyt edýärin, onsoň biz sanksiýalary kem-kemden aýryp biljegimize ýa-da şu wagtky çärelerde saklanmalydygymyza göz ýetireris» diýip, Steinmeier 27-nji maýda Talline sapary mahalynda žurnalistlere aýtdy.

"Eger ol ýerde progres bolmasa, baha berilmegi zerur bolar. Biziň maksadymyz sanksiýalary saklamak däl, konflikti çözmek" diýip, ol aýtdy.

Steinmeier ozal ÝB-niň içinde sanksiýalara bolan garşylygyň köpelýändigini aýdypdy.

XS
SM
MD
LG