Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk mediasy: 104 jeňçi öldürildi


 Kilis şäheri
Kilis şäheri

Howa zarbalary we türk toplary arkaly «Yslam döwleti» toparynyň jeňçileri diýilýän onlarça söweşiji öldürildi diýip, türk mediasy habar berýär.

Türk habar gulluklary 28-nji maýda, halkara koalisiýasynyň howa zarbalary we Türkiýäniň Siriýa serhetaşyr atan toplary arkaly, jeňçi diýilýän 104 adamyň öldürilendigini habar berdiler.

Ady aýdylmaýan harby çeşmelere salgylanylyp berilýän habarlar tassyklanmadykwe öldürilenleriň sanynyň nähili kesgitlenendigi aýdyň däl.

Bu hüjümler Siriýadan Türkiýäniň günorta şäheri Kilise raketa atylyp, bäş adam ýaralanandan soň edildi.

Kilise şu ýyl Siriýadan 70-den gowrak raketa atylyp,21 adam öldürildi.

XS
SM
MD
LG