Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Täze parlament kasam kabul etdi


Hasan Rohani täze Majlisiň açylyşynda söz sözleýär.

Hasan Rohani täze Majlisiň açylyşynda söz sözleýär.

Eýranyň fewralda we aprelde geçirilen saýlawlaryndan soň düzülen täze parlamenti Tähranda bolan açylyş sessiýasynda kasam kabul etdi.

290 agzaly yslamçy konsultasiýa assambleýasy özüniň ilkinji sessiýasyny 28-nji maýda, reformaçy kanun çykaryjylaryň täze topary bilen geçirdi. Bu reformaçylar prezident Hassan Rohaniniň Eýranyň ykdysadyýetini we sosial syýasatlaryny döwrebaplaşdyrmak tagallalaryny goldar öýdülýär.

Olaryň ýeňşi 290 agzaly yslamçy mejlisde berk liniýaly konserwatiwleriň 12 ýyllap eden agalygynyň soňuna çykýar.

Ýokary lider aýatolla Hameneýi parlamentiň açylyşyna gabat deputatlara duýduryş berip, olaryň günbatar döwletleriniň «pirimlerinden, hoşamaýlyklaryndan we çakdanaşa gödeňsiz talaplaryndan ägä bolmagyny» tabşyrdy.

Ol parlament agzalaryny ýurduň 1979-njy ýyldaky yslam rewolýusiýasynyň ideallaryna ygrarly bolmaga çagyrdy.

Rohany täze parlamente ýüzlenip, 8 prosent ykdysady ösüş derejesine galmak üçin, Eýrana ýylda 30 milliarddan 50 milliard dollara çenli daşary ýurt sermaýasynyň gerekdigini aýtdy.

Täze parlamentiň indiki hepdäniň başynda mejlisiň spikerini we ýolbaşçy geňeşinini saýlamagyna garaşylýar. Iş başyndaky spiker Ali Larijani –konserwativ – we reformaçy Mohammad Reza Aref spiker bolmak üçin öň hatarda duran kandidatlar hasaplanylýar.

Rohany bilen pikirdeş reformaçylar parlamentde 133 orun eýeleýärler, konserwatiwler bolsa 125 orna eýe diýip, AFP habar gullugynyň analizinde aýdylýar.

Parlamentiň 29 agzasy garaşsyz deputat, iki saýlaw ret edilip, bir saýlanan agza ýol hadysasynda öleninden soň, üç deputatyň orny boş dur.

Synçylar güýçleriň aratapudynyň üýtgemegi Rohaniniň günbatar bilen gatnaşyklary gowulandyrmak, şahsy azatlyklary köpeltmek we aýallaryň hukuklaryny artdyrmak baradaky ideýalaryna itergi bolar öýdýärler.

Fewralda we aprelde geçirilen saýlawlarda rekord goýuldy, ýagny 18 aýal parlament ornuny gazandy. Rohani bu ýagdaýyň özüni «örän hoşwagt» edendigini aýtdy.

Bu saýlawlar geçen ýyl Eýran bilen dünýä döwletleriniň arasynda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan soň Rohaniniň ilkinji syýasy synagy boldy.

Eýran, ysgyndan salýan ykdysady sanksiýalaryň aýrylmagynyň ýerine, özüniň ýadro programmasyny jylawlamaga razy boldy. Emma dünýä ykdysadyýetine gatylyp-garylmaga ilgezik Tähran, ýyllara çeken izolýasiýadan soň, dünýä döwletleri bilen baglaşylan ýadro ylalaşygynyň ykdysady bähbitlerini duýup başlamagyň uzak wagt almagyndan zeýrenýär.

Rohani kanun çykaryjylara ýüzlenmesinde, ýadro ylalaşygyny goldandygy üçin, Larijanini öwdi we parlament bilen hökümetiň arasynda «ýurduň problemalaryny we krizislerini çözmek üçin» has ysnyşykly gatnaşyk gurulmagyna çagyrdy.

2013-nji ýyldaky saýlawlarda häkimiýet başyna gelen Rohani 2017-nji ýylyň maýynda geçmeli prezident saýlawlaryndan öň ýurduň ykdysady şertlerini gowulandyrmak isleýär. Onuň ikinji möhlet prezidentlige hem dalaş etmegine garaşylýar.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG