Sepleriň elýeterliligi

Magtymguly günleri nähili bellendi?


Eýranly türkmenler Magtymguly günlerini belleýär. 15-nji maý, 2015.

Eýranly türkmenler Magtymguly günlerini belleýär. 15-nji maý, 2015.

Dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan türkmenleriň arasynda Magtymguly günleri milli baýram hökmünde bellenilip geçilýär. Şol dabaralarda türkmeniň milli şahyry, onuň ömri we döredijiligi ýatlanylýar.

Eýsem, Magtymguly günleri bu gezek haýsy ýurtda nähili bellendi? Şol çäreler biri-birinden nähili tapawutlandy? Dünýä türkmenleri Magtymguly barasynda nähili görelde alarlyk iş edýärler we olaryň geljekde nähili planlary bar?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny Magtymgula we ony ýatlama çärelerine döwrüň şertleriniň ýetirýän täsirlerine gönükdirdi.

Magtymguly günleri barada geçiren söhbetdeşligimizi diňläp, pikirleriňizi paýlaşsaňyz, hoşal bolarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG