Sepleriň elýeterliligi

Zika sebäpli Rio oýunlarynyň ýeri üýtgemez


BSG-nyň baş direktory Margaret Çan

BSG-nyň baş direktory Margaret Çan

Bütindünýä saglyk guramasy 150 sany saglyk ekspertiniň Braziliýadaky zika wirusy sebäpli Rio tomusky olimpiadasyny soňa goýmak ýa başga ýere geçirmek baradaky çagyryşyny ret etdi.

BMG-niň saglyk guramasynyň 28-nji maýdaky beýanatynda 2016-njy ýylyň 5-nji awgustyndan 21-nji awgustyna çenli geçýän oýunlaryň soňa goýulmagy ýa-da ýatyrylmagy üçin «jemgyýetçilik saglygy boýunça esasyň ýokdugy» aýdylýar.

Fewral aýynda amerika ýurtlarynda zika wirusynyň ýaýramagyny global adatdan daşary ýagdaý diýip yglan eden saglyk guramasy olimpia oýunlarynyň ýeriniň üýtgedilmegi bu wirusyň ýaýrap-ýaýramazlygynda düýpli bir tapawut döretmez diýdi.

XS
SM
MD
LG