Sepleriň elýeterliligi

Pop Fransis: Migrantlar howp däl, hatarly ýagdaýda


Pop Fransis Gresiýada migrantlar bilen görüşýär. 16-njy aprel, 2016 ý.

Pop Fransis Gresiýada migrantlar bilen görüşýär. 16-njy aprel, 2016 ý.

Rim papasy Fransis migrantlar «howp-hatar däl, eýsem hatarly ýagdaýda» diýdi.

Katolik ybadathanasynyň başlygy 28-nji maýda ýüzlerçe çaga, şol sanda ene-atasy Liwiýa kenarlarynyň golaýynda bolan gämi heläkçiliginde gark bolan nigeriýaly oglan bilen duşuşdy.

Şu hepde, hasaplamalara görä, Demirgazyk Afrikadan gowy howada deňze çykan gämiler heläkçilige uçranda, Liwiýa kenarlarynyň golaýynda 10 müň çemesi adam halas edildi.

UNICEF-Italiýa 27-nji maýda deňizden jesedi çykarylan 45 adamyň arasynda üç sany bäbegiň hem bardygyny aýtdy.

Bu betbagtçylyk 26-njy maýda bolan gämi heläkçiliginde 30 adam öleninden soň boldy. 25-nji maýda bolsa, gämi agdarylyp, 100 çemesi adam ýitendir öýdülýär.

XS
SM
MD
LG