Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Ýangynda 16 adam öldi


Hususy eýeçilikdäki iki gat binada turan ýangyn ir sagatlarda başlanypdyr.

Hususy eýeçilikdäki iki gat binada turan ýangyn ir sagatlarda başlanypdyr.

Kiýewiň golaýyndaky Garrylar öýünde bolan ýangynda azyndan 16 adam heläk boldy, bir adam bolsa tapylmaýar diýip, Ukrainanyň döwlet adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň 29-njy maýda ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

"Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň işgärleri 18 adamy halas etdiler, olaryň bäşisi dürli derejedäki ýanyk ýaralary sebäpli hassahana ýerleşdirildi» diýip, Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi aýtdy.

Beýanatda aýdylmagyna görä, hususy eýeçilikdäki iki gat binada turan ýangyn 29-njy maýda, ir sagatlarda başlanypdyr. Onda 35 adam ýaşaýan eken.

XS
SM
MD
LG