Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: 'Salyhatsyzlyk' üçin 8 adam tutuldy


Eýran asylly aýdymçylar
Eýran asylly aýdymçylar

Eýran häkimiýetleri hamala «salyhatsyz» saz wideolaryny öndürmekde oýnan rollary sebäpli 8 adamy tussag etdi.

Eýranyň sud organlary tarapyndan kontrollykda saklanylýan «Mizan Online» habar gullugynyňmaglumatyna görä, Tähranyň baş prokurory Abbas Jafari Dowlatabadi 28-nji maýda ol sekiz adamyň geçen hepde Tähranda tussag edilendigini aýdypdyr.

Tutulan adamlaryň atlary aýdylmaýar. Dowlatabadi daşary ýurtlardaky pars dilli telekanallarynazarda tutup, ol wideolar «rewolýusiýa garşylykda ýakasyny tanadan telekanallar tarapyndan efire berildi» diýipdir.

Pars dilinde hemra arkaly gepleşik berýän onlarça telekanal bar we olaryň hemmesi daşary ýurtlarda ýerleşýär.

Dowlatabadi media we medeniýet meselelerine seredýän ýörite suduň bu sekiz adamyň işini derňäp, olara degişli aýyplama bildirjekdigini aýtdy. Habarda wideolaryň mazmuny hakynda hiç zat aýdylmaýar.

Eýranda başörtüsiz ýa-da erkek bilen bile aýdym aýdyp, wideo ýazgysyna düşmek «salyhatsyzlyk» hasaplanylýar.

XS
SM
MD
LG