Sepleriň elýeterliligi

Ortaýer deňzinde 700 migrant gark boldy


Ýewropa aşmaga synanyşan migrantlaryň 700 çemesi gark boldy.

Ýewropa aşmaga synanyşan migrantlaryň 700 çemesi gark boldy.

BMG-niň Bosgunlar edarasy soňky birnäçe günde, Italiýanyň günortasynda, Ortaýer deňzi arkaly Ýewropa aşmaga synanyşýan migrantlaryň 700 çemesiniň gämi heläkçiliginde gark bolandygyny aýdýar.

Bosgunlar edarasynyň sözçüsi Karlotta Sami AP habar gullugyna 25-nji maýda agdarylan gämiden 100 çemesi adamyň tapylmaýandygyny aýtdy.

26-njy maýda agdarylan gämiden 550 adamyň tapylmaýandygy aýdylýar.

Sami ol gäminiň hiç bir motorynyň hem bolmandygyny, agdarylmazyndan öň başga bir gaçakçy gämä çatylandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG