Sepleriň elýeterliligi

Asyryň ahyrky ussady


Türkmenistanyň döwlet telewidenýesinden alnan bir bölek.

Türkmenistanyň döwlet telewidenýesinden alnan bir bölek.

Ençeme ussatlar ýaşap geçen XX asyr birdenkä, ol tamamlanmanka taryha öwrüldi. Saz äleminde Ýagmyr Nurgeldi soňky halypalardan biri boldy.

Ussatlaryň arasynda

Ol bütin ömrüne ussatlaryň arasynda boldy. Baryp oglanlyk döwründen, ömrüniň ahyryna çenli Türkmen radiosynyň ýanyndaky halk saz gurallary toparynda hyzmat etdi.

Biz ony türkmen telewideniýesinde, aýratynam Sahy Jepbar aýdym aýdanynda görýärdik. Ol bagşylar üçin tapylgysyz sazandady.

Onuň ussat dutarçydygyny tanadan Çary Täçmämmet boldy. Bu iki ussat ençeme halk sazlaryny bilelikde çalyp, aýratyn iş bitirdiler.

Olar uly sazlary kemmeýärdiler, ýeňline bakmaýardylar, ony bar gözelligi, içki ähli öwüşgini bilen beýan etmäge çalyşýardylar. "Hajygolagy” dokuz minut çemesi çalýardylar. "Selbinýaz gyrk” hem şeýle uzyn, dowamly sazlardan biridi.

Iki dutaryň owazy üýtgeşikdi, diýseň gulaga ýakymlydy. Bu gowy däp başgalar tarapyndan ýöredilmedi ýa-da men ondan habarsyz boldum.

Ýagmyr Nurgeldi şol beýik sazlary Çary Täçmämmet, ýagny doly ykrar edilen halypa bilen bilelikde çalanda, ýeten derejesini hem kämilligini görkezip bildi. Ol kime taý geljegini, kimiň yzyny ýöredip barýandygyny aýan etdi.

Häsiýet hem mukam

Onuň sazlarynda päkize ýumşaklyk bilen örän mylaýym ýakymlylyk bar.

"Dosmämmedi” çalanda, dutar gepläýjek bolýar, "Gülhanym” hem şeýle. Agyr sazlardan "Ýar gyrmyzy geýinipdir”, "Gyzylbörük” ýa-da "Burnaşak” barada bir hakykaty aýtmak gerek, ol sazlary uly halypalar çaldylar, ýöne Ýagmyr aganyň öz çalşy bar. Olara garanda dutaryň owazy birneme saýhally döreýär welin, orny aýratyn bolup dur.

Bu onuň häsiýeti bilen bagly bolsa gerek. Onuň ýumşaklygy, kiçigöwün bolmagy çalýan sazlaryndan görünýär.

Halypalyk

Ömrüniň soňky böleginde halypalyga hem ussatlyga ýetdi.

Segseninji ýyllaryň aýagynda, Ýagmyr aga Türkmen tele-radiosynyň halk saz gurallary toparyna ýolbaşçylyk etdi. Ýaş kärdeşleri bilen Pürli Sarydan hem Çary Täçmämmetden galan däbi dowam etdirdi.

Aram-aram telewideniýede gowy sazlar bilen çykyş etdi. Wagt mümkinçiligi bolanda, käbir sazlar barada gürrüňem berýärdi. Mundan meniň aýratyn ýadymda galany "Näler görüner” boldy. Saza näme üçin beýle at galypdyr? Onuň aňrysynda nähili pikirler bar? Ol saz haýsy ussatlardan galan nusga bolmaly?

Çalynjak sazdan öňürti bulary eşitmek örän ýakymlydy. Şonda sazyň täsiri-de, mazmuny-da başga bolýardy.

Beýleki bir täsir galdyran zat, ol agyr habardan soň millete saz çalyp berdi.

Bu şahyr Kerim Gurbannepes ýogalanda şeýle boldy. Telewideniýe ajy habary aýdansoň, Ýagmyr aga birnäçe agramly sazlary çaldy.

Matamyň yzynda saz çalmak däbi öňräkden bolupdyr. Magtymguly: “Matamda pes bolar depgini sazyň” diýipdi.

Ussatlyk

“Bu jennetdir” Ýagmyr Nurgeldiniň gaýtalanmajak sazy boldy. Ol saz bilen Ýagmyr aga bütin iliň söýgüsini gazandy.

Öz döwründe, ony Ýagmyr agadan başga çalan bolmady. Göýä ony şeýle ýumşak häsiýetli bir ynsan bolmasa, çalyp bilmejek ýalydy.

Özara oturlyşykda sazanda Annaseýitden: “Bu jennetdiri” Ýagmyr aga döredipdir diýen gürrüň bar, şol ugrundan barýamy?” diýip soradylar.

– “Humaralany” Mylly aga döredipdir diýip bolarmy? “Ýylgaýlary” Çary Täçmämmet, “Nergyzy” Pürli Sary? Bu-da şolar ýaly-da... Aslynda ol saz bar. Onuň goşgusy “Şabähram” dessanyndan gaýdýar. Ýöne şeýdip çalmagy Ýagmyr aga başarýar. Soňkular ýaýdanyşyp durlar. Ýagmyr aga bolsa muny şeýle edäýýär.

Bu jennetdir”

Saz ugrundan uly alym, milli mirasy öwreniji Şahym Gullyýew Gazagystanda ýaşaýar hem işleýär.

Bir gezek özara gürrüňçilikden soň, ol maňa “Bu jennetdiri” çalyp berdi. Oňa minnetdarlyk bildirdim.

– Aý, men diňe ugruny aňladýan – diýip sypaýyçylyk etdi.

Ondan bu sazyň taryhy barada soradym.

– Üýtgeşik dörän saz. Onda Ahalyň dutarçylyk-mukamçylyk ýoly bilen beýleki ugurlaryň, gadymy salyr-saryk ýolunyň usullygy utgaşyp gidýär. Şonuň üçin hemmelere ýakymly bolsa gerek. Hakykatdanam bu mukamlar içiniň jenneti.

Ol saz pes owaz bilen başlanyp, soň gözelleşip hem çylşyrymlaşyp barýar. Goşguda aýdylyşy ýaly, ter çemenli bagyň ýelleri müşki-anbar bilen öwüsýär. Meger, onuň iň beýik tarapy-da, Jennetiň şu dünýäde, ýer üstünde bolmagyny aýdyp bilmegindedir.

Aýdym şeýle tamamlanýar.

Şabähram diýr, rahat bolsa,

Ol Keremden rugsat bolsa,

Ýalançyda Jennet bolsa,

Ýar gujagy ol Jennetdir.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG