Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystanyň içeri işler ministri wezipesinden çekildi


Gyrgyzystanyň içeri işler ministri Melis Turganbaýew, 28-nji aprel, 2016.

Gyrgyzystanyň içeri işler ministri Melis Turganbaýew, 28-nji aprel, 2016.

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew hökümetdäki wezipe çalyşygynyň dowamynda içeri işler ministri Melis Turganbaýewiň wezipesinden çekilmegini kabul etdi.

Prezidentiň metbugat-gullugynyň 30-njy maýda aýtmagyna görä, Atambaýew içeri işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji edip, Bişkegiň şäher polisiýasynyň başlygy Kaşkar Junuşaliewi belläp, hökümetden ony bu wezipede tassyklamagy sorapdyr.

Turganbaewiň wezipesinden çekilmegine hiç hili sebäp görkezilmedi.

Turganbaew Içeri işler ministrligine 2014-nji ýylda ýolbaşçylyk edip başlapdy.

XS
SM
MD
LG