Sepleriň elýeterliligi

Meksika: Ogurlanan futbol ýyldyzy boşadyldy


Alan Pulido, 26-njy aprel, 2014

Alan Pulido, 26-njy aprel, 2014

Meksikanyň häkimiýetleri ýurduň iň meşhur futbolçylarynyň biri Alan Pulidonyň ogurlanmagy bilen bagly hadysanyň onuň boşadylmagy bilen tamamlanandygyny aýdýarlar.

Grek ligasynyň “Olympiakos” komandasynyň oýunçysy Pulido serhetýaka Tamaulipas ştatynda 28-nji maýda agşam ogurlanypdy.

Tamaulipasyň howpsuzlyk güýçleriniň 30-njy maýda ýaýradan beýannamasynda Pulidonyň ýary gijäniň öňýanynda boşadylandygy habar berildi.

Beýannamada Pulido medisina kömeginiň berlendigi aýdyldy.

25 ýaşly futbolçy Siudad Wiktoriýa şäheriniň daşynda otyrylyşykdan gaýdyp barýan wagtynda ogurlandy.

Pulido Meksikanyň milli komandasynyň agzasy hökmünde 2014-nji ýylda Braziliýada geçirilen Dünýä ýaryşyna gatnaşypdy.

XS
SM
MD
LG