Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň resmisi Orsýetde konferensiýa gatnaşar


Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jean-Klaude Junker, Brussel
Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jean-Klaude Junker, Brussel

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jean-Klaude Junker indiki aýda Orsýetde geçiriljek çärä gatnaşmaga taýýarlyk bildirdi, diýip komissiýanyň metbugat-wekili aýtdy.

“Prezident Junker 16-njy iýunda Sankt Petersburgda geçiriljek Halkara ykdysady foruma çagyryldy we gatnaşmagy planlaşdyrýar” diýip metbugat-wekili 30-njy maýda aýtdy.

Komissiýanyň prezidenti Orsýetiň 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa etmegi we gündogar Ukraina goşulyşmagy sebäpli ykdysady sanksiýalaryň girizilmeginden soň Orsýete sapar edýän Ýewropa Bileleşigine (ÝB) degişli edaranyň ilkinji ýolbaşçysy bolar.

Analitikler Junkeriň bu saparynyň ÝB-niň Orsýete garşy sanksiýalary täzelemek barada karar çykarmagynyň öňüsyrasyna gabat gelip, prezident Wladimir Putiniň pozisiýalaryny berkidip biljekdigini aýdýarlar.

Junker Moskwa bilen “praktiki gatnaşyklara” çagyryş edip, Ýewropanyň sanksiýalary saklamagyň tarapyndan çykyş edýän käbir resmileriniň tankytlaryna duçar boldy.

XS
SM
MD
LG