Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk resmisi Orsýet bilen gatnaşyklaryň gowulanjagyny aýtdy


Premýer-ministriň orunbasary Numan Kurtulmus, Ankara, 2015.
Premýer-ministriň orunbasary Numan Kurtulmus, Ankara, 2015.

Türkiýäniň ýokary derejeli resmisi Moskwanyň we Ankaranyň arasynda çözüp bolmaýan meseleleriň ýokdugyny aýtdy we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň “gysga wagtda” düzeljegini çak etdi.

Premýer-ministriň orunbasary we hökümetiň metbugat-wekili Numan Kurtulmus bu çykyşyny 30-njy maýda Ankarada geçirilen metbugat-konferensiýasynda etdi.

Şeýle-de türk resmisi hiç bir ýurduň beýleki ýurtlar bilen gatnaşyklaryna zeper ýetmegine ýol berip bilmejegini belledi.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar 2015-nji ýylyň noýabr aýynda Türkiýe Orsýetiň söweş uçaryny urup ýere gaçyrmagyndan soň ýaramazlaşypdy.

Türkiýäniň we Siriýanyň arasyndaky serhetde bolan bu ýagdaýdan soň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Türkiýe babatynda sanksiýalary girizdi, ýurtlaryň özara söwdasy çürt-kesik azaldy.

XS
SM
MD
LG