Sepleriň elýeterliligi

Aktiwistler gazak protestçilerini boşatmaga çagyrdy


Ýeriň hususylaşdyrylmagyna garşy protest aksiýasy, Atyrau, 24-nji aprel, 2016

Ýeriň hususylaşdyrylmagyna garşy protest aksiýasy, Atyrau, 24-nji aprel, 2016

Gazagystanda adam hukuklaryny goraýjylar we žurnalistler häkimiýetleri ýeriň hususylaşdyrylmagy baradaky kanuna garşy protestlere gatnaşandygy üçin tussag edilen onlarça adamy boşatmaga çagyrdylar.

Ýeriň hususylaşdyrylmagyna garşy çykyş eden protestçileri boşatmak boýunça 26-njy maýda döredilen “Araşa” atly komitetiň agzalary 30-njy maýda Almatyda geçiren metbugat konferensiýasynda eden çykyşlarynda protestçileriň “bikanun tussag edilendigini” aýtdylar we olaryň bileleşmek hukugyndan peýdalanmaga synanyşandygyny bellediler.

Gazagystanda oba hojalyk meýdanlaryny hususylaşdyrmak barada kabul edilen täze kanuna garşy çykyş etmek üçin 21-nji maýda tutuş ýurt boýunça planlaşdyrylan protest aksiýasynyň öňüsyrasynda ýüzlerçe aktiwist tussag edilipdi.

Olaryň aglaba bölegi boşadyldy, käbirleri 10-15 günlük tussaglygyna höküm edildi. Ençeme aktiwist deslapky tussag astyna alynyp, jemgyýetde tertipsizligi döretmekde aýyplanyp, derňewe sezewar edildi.

XS
SM
MD
LG