Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek: Özbek aktiwistiň öýi konfiskasiýa ediler


Azymjan Askarow.
Azymjan Askarow.

Gyrgyz häkimiýetleri ýurduň günortasynda turan etniki çaknyşyklardan soňra 2010-njy ýylda tussag edilen syýasy aktiwist etnik özbek Azymjan Askarowyň öýüni konfiskasiýa etmek boýunça çäre görýärler.

29-njy maýda Jelalabat regionynyň döwlet emlägini dolandyrýan edarasynyň başlygy Gülnara Kojoýewa Askarowyň Bazar-Korgon obasyndaky jaýyny hökümetiň, sud tarapyndan çykarylan karara laýyklykda, konfiskasiýa etjekdigini aýtdy.

Milleti özbek bolan gyrgyz raýaty Askarow häzir türmede. Jelalabat regionynyň bir kazyýeti Askarowy 2010-njy ýylda günorta Gyrgyzystanda özbekler bilen gyrgyzlaryň arasynda turan gandöküşikli çaknyşyklary gurnamakda günäli tapyp, öümrlik türme tussaglygyna höküm etdi.

Askarow köpüsi özbeklerden ybarat bolan 450-den agdyk adamynyň - – heläk bolmagyna getiren çaknaşyklarda bir polisiýa işgäriniň öldürilmeginde eli bar diýlip günälendi. Askarow we onuň goldawçylary aýyplamalary syýasy sebäpli diýip ret etdiler.

Çagyryş

Askarow bilen baglanyşykly işler adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlar tarapyndan ýakyndan yzarlandy. "Amnesty International" ony wyždan ýesiri diýip atlandyrdy.

Özüniň türmede polisiýa tarapyndan urlup-ýenjilendigini aýdýan bu aktiwist 2014-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň "Adam hukuklarynyň goraýjysy" baýragy bilen sylaglandy.

Askarowyň aýaly Hatyja Askarowanyň Azatlyk Radisyna aýtmagyn agörä, agzalýan jaýa baha kesmek üçin 25-nji maýda bäş sany awtoulagda 20 töweregi döwlet işgäri gelipdir.

Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary komissiýasy, Askarowyň resmi şikaýatnamasyna seredeninden soň, 21-nji aprelde Bişkegi ony boşatmaga çagyrdy. Birleşen Milletler Guramasynyň bu talabyna Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institusiýalar we adam hukuklary edarasy hem goşuldy. Jelalabadyň regional resmileriniň häzirki göçümi agzalan çagyryşlardan sanlyjy hepde soň orta çykdy.

“Jaýy kanuny esasda konfiskasiýa edip bolanok”

25-nji aprelde Gyrgyzystanyň Ýokary sudunyň başlygy Aýnaş Tokbaýewa ýokary suduň bir aşaky suduň Askarow baradaky kararyny tassyklap, 2011-nji ýylyň dekabrynda çykaran kararyna, BMG-niň Adam hukuklary komissiýasynyň eden çagyryşyny ýerine ýetirmek maksady bilen täzeden garalmalydygyny aýtdy.

Ýöne 30-nji aprelde gyrgyz prezidentiniň kömekçisi Busurmankul Taabaldyýew BMG-niň Adam hukuklary komissiýasynyň Askarowy boşatmak baradaky haýyşyny açyk tankytlap, Birleşen Milletleriň Guramasynyň organy Gyrgyzystanyň içeri işlerine gatyşýar diýdi.

Ondan birnäçe gün soňra Orsýetiň "Interfaks" habar gullugyna interwýu beren gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew Gyrgyzystanyň Baş kanunynyň käbir bölümleriniň "Gyrgyzystanyň özbaşdaklygyny gowşadýandygyny", muňa "düzediş girizilmelidigini" belledi.

Merkezi Bişkekde ýerleşýän "Bir-Duino-Gyrgyzystan" atly adam hukuklary merkeziniň aýtmagyna görä, Askarowyň jaýyny kanuny esasda konfiskasiýa edip bolanok.

Bu merkeziň adwokaty Otkur Japarow Azatlyk Radiosyna iş kesilen bir adamyň öýünde onuň garyndaşlary ýaşaýan bolsalar, ol jaýy konfiskasiýa etmek bolmaýar diýdi.

Gyrgyzystanyň Baş kanuny raýatlaryna öz hukuklaryny goramak üçin halkara kazyýetlerine ýüz tutmaga rugsat edýär. Gyrgyz häkimiýetleri hem bu guramalaryň çykaran kararlaryny ýerine ýetirmeli.

XS
SM
MD
LG