Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Okuwçylar mugallyma bilen elleşmändirler, jerimesi 5000$


Mugallym we okuwçy.
Mugallym we okuwçy.

Şweýsariýanyň magaryf resmileriniň kabul eden kararyna görä, şweýsariýaly mugallymalar bilen elleşmekden saklanan musulman okuwçylaryň ene-atalary 5000 müň dollar jerime tölemeli bolarlar.

Bazeliň golaýyndaky Terwil şäherinde bir mekdebiň iki sany musulman okuwçysyna dini sebäpden öz mugallymalary bilen elleşmezlige rugsat berlipdir. Ýöne munuň mekdepde dawa sebäp bolmazlygy üçin, ol oglanlar erkek adamlar bilenem elleşmeli däl diýen karar kabul edilipdir.

Bu hadysa tutuş ýurtda uly geňirgenme döretdi. Adaty ýagdaýda Şweýsariýada okuwa başlananda we okuw gutaranda, okuwçylar, däbe görä, öz mugallymdyr-mugallymalary bilen elleşýärler.

14 we 15 ýaşyndaky iki dogan okuwçy oglan mugallymalar bilen elleşmegiň, her bir musulman üçin bolşy ýaly, öz dini ynamyna gabat gelmeýändigini aýdýarlar.

“Kanuny sanksiýalar”

"Basler Zeitung" atly gazetiň ýazmagyna görä, ol iki dogan okuwçylardan biri özüniň Facebook sosial ulgamyndaky sahypasynda "Yslam döwletini" goldaýan materiallary ýaýradypdyr.

Mekdebiň özbaşyna kabul eden şeýle karary, sebitiň hökümeti bu ugurda öz kanuny teklibini berýänçä, öz güýjünde galmaly eken.

Çarşenbe güni bolsa ýerli magaryf edarasy mekdebiň kabul eden kararyny ýatyrypdyr. Munuň sebäbi bolsa şeýle düşündirilipdir: "erkek adamlar bilen zenanlaryň arasyndaky deňhukuklylyk kontekstindäki jemgyýetçilik bähbit we daşary ýurtlularyň utgaşyklylygy, dini azatlyklardan has möhümdir". Şeýle-de düşündirişde, mugallymanyň okuwçysynyň özi bilen elleşmegi talap etmäge doly ygtyýarynyň bardygy nygtalypdyr.

Kabul edilen kararda şonuň ýaly-da okuwçylar mugallyma bilen elleşmekden gaýtadan saklanan mahaly "kanuny sanksiýalaryň durmuşa geçiriljekdigi" aýdylypdyr.

Okuwçynyň maşgalasy

Dini sebäpden okuwçylaryň öz mugallymalary bilen elleşmekden saklanmagynyň halk köpçüligine giňişleýin ýaýramagyndan soň, olaryň maşgalalarynyň Şweýsariýa raýatlygy üçin ýanwar aýynda beren arzasyna garamak meselesi hem goýbolsun edilipdir.

Indi häkimiýetler okuwçy oglanlaryň metjitde ymam bolup işleýän kakasynyň on ýyl mundan öň Siriýadan Şweýsariýa gelmeginiň maksadyny derňemekçi.

Häzirki wagtda Şweýsariýada 400 müňe golaý musulman ýaşaýar. Bu san, 8 million ilatly ýurduň ilatynyň ýüzden 5 göterimine barabar.

XS
SM
MD
LG