Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Idlibde howa hüjüminiň pida sany artýar


Idlib şäheri, 27-nji maý, 2016

Idlib şäheri, 27-nji maý, 2016

Siriýada gozgalaňçylaryň elindäki Idlib şäherinde Orsýetiň amala aşyran bolmagy çak edilýän howa hüjümlerinde azyndan 23 adamyň wepat bolandygy habar berilýär.

Siriýada adam hukuklaryna gözegçilik edýän guramanyň 31-nji maýda aýtmagyna görä, gije amala aşyrylan howa hüjümleri şäheriň ençeme böleklerine zarba urupdyr. Zeper ýeten binalaryň biri keselhananyň gapdalynda ýerleşýär.

Wepat bolanlaryň ýedisi çagalar, diýip guramanyň müdiri Rami Abdurahman aýtdy. Ok atyşygy bes etmek barada fewral aýynda gelnen ylalaşykdan soňky iň güýçli bombaly hüjümiň pidalarynyň sanynyň köpelmegine garaşylýar.

Halas edijiler Idlibde gijäniň dowamynda işläp, wepat bolanlary gözlediler. Olar ýumrulan binalaryň harabalyklarynda aman galan adamlaryň birnäçesini, şol sanda bir çagany tapdylar, diýip Idlib şäheriniň graždan goragy boýunça edarasy öz Facebook sahypasynda habar berdi.

Idlib şäheri we welaýaty gozgalaňçy toparlaryň, şol sanda “Al-Kaýda” bilen baglanyşygy bolan “Nusra Frontunyň” galasy hasaplanýar.

Orsýetiň howa güýçleri Siriýada prezident Başar al-Assadyň gozgalaňçylara garşy alyp barýan göreşini goldamak üçin geçen ýylda ýerleşdirildi.

XS
SM
MD
LG