Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe Germaniýany ermenileriň genosidini ykrar etmezlige çagyrdy


Numan Kurtulmuş

Numan Kurtulmuş

Türkiýe Germaniýanyň Osman imperiýasynda ermenileriň gyrylmagyny “genosid” hökmünde ykrar edýän rezolýusiýany kabul etmegine garşy duýduryş edip, 31-nji maýda çykyş etdi.

Şu hepdede Germaniýanyň Bundestagynda bu barada ses berişligiň geçirilmegine garaşylýar.

1915-nji we 1917-nji ýyllarda 1.5 million ermeniniň osman türkleri tarapyndan gyrylmagyna köp taryhçylar 20-nji asyryň ilkinji genosidi hökmünde seredýärler.

20-den gowrak ýurt ony genosid hökmünde ykrar etdi. Germaniýa ykrar etmedi, emmä häkimiýet başyndaky koalisiýa bu barada rezolýusiýany teklip etdi.

Türkiýe Germaniýa bilen gatnaşyklarynyň çylşyrymly pursadyna gabat gelen bu ädime garşylyk bildirdi.

Germaniýa we Ýewropa Bileleşigi Ankaranyň Türkiýäniň üstünden Ýewropa Bileleşigine geçýän bosgunlar akymyny saklamak boýunça geçen ýylda gelnen ylalaşyga hormat goýmagyny isleýärler.

Şol bir wagtda-da Germaniýanyň üç million adamdan ybarat uly etnik türk topary çärä garşy çykyş edýär.

“Germaniýa Türkiýe bilen gatnaşyklary babatynda seresaply bolmalydyr” diýip Türkiýäniň premýer-ministriniň orunbasary Numan Kurtulmus aýtdy.

XS
SM
MD
LG