Sepleriň elýeterliligi

Tussag gazak aktiwistlerine 'Azatlyk' baýragy berildi


Guzýal Baidalinowa

Guzýal Baidalinowa

Gazagystanyň oppozision toparlary “Azatlyk” boýunça ýyllyk baýraklaryny üç adama gowşurdylar.

2016-njy ýylyň baýraklaryna meşhur aýdymçy Žanat Esentaýew, Nakanune.kz atly garaşsyz täzelikler websaýtynyň redaktory Guzýal Baidalinowa we “Žurnalistler agyr günde” atly hökümete degişli boдmadyk guramanyň başlygy Rozlana Taukina eýe boldular.

“Azatlyk” baýragy boýunça komitetiň wekili Igor Kolow 2016-njy ýylyň baýragynyň eýelerini Gazagystanda syýasy pidalaryň hatyra senesiniň bellenýän güni 31-nji maýda Astanada yglan etdi.

Baýraga eýe bolanlaryň ikisi Baidalinowa we Esentaýew häzirki wagtda deslapky tussaglykda saklanýarlar.

2003-nji ýylda gazak oppozision toparlary tarapyndan esaslandyrylan bu ýyllyk baýragy žurnalistlere, ýazyjylara, sungatçylara we aktiwistlere berilýär.

XS
SM
MD
LG