Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: “Gažanyň” ýykylyşygy dowam edýär


Aşgabat: "Gaža" ýumrulýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:01 0:00

Aşgabat: "Gaža" ýumrulýar

Aşgabadyň günorta bölegindäki, ilat arasynda “Gaža” diýlip atlandyrylýan ilatly etrabynda ýaşaýyş jaýlaryny ýykmak kampaniýasy dowam edýär.

Bu günler gürrüňi gidýän territoriýanyň Selinnaýa, Dokuçaýew, Noworossiýskaýa köçeleriniň ugrunda ýerleşen onlarça jaý ýykylýar. Bir tarapdan, tamlaryň bir bölegini ýaşaýjylaryň özleri, soňra gurluşyk materialy hökmünde sataryn diýen umyt bilen sökseler, beýleki tarapdan, hökümetiň agyr tehnikasy bu etraby birýan ujundan ýumurýar.

“Gažada” ýykylmaly edilen jaýlaryň diwarlarynda tamlaryň satlyga çykarylandygy baradaky bildirişleri hem görse bolýar. Ýaşaýjylar uzak ýyllaryň dowamynda galdyran tamlaryny bazar nyrhyndan telim esse arzan bahadan gurluşyk materialy hökmünde satýarlar. Mysal üçin, mundan bir ýyl öň hem onlarça müň amerikan dollaryna bahalanan jaýlar, häzir 1,5 müň dollardan satylýar.

Kompensasiýa

Ýatladyp geçsek, 2 müň töweregi hojalygy bolan “Gaža” raýony geçen ýylyň güýzünde ýykylyp başlanypdy. Dokumentleri resmi talaba laýyk gelýän öýleri ýykylan gažalylara paýtagtyň Parahat-7 mikroraýonyndan jaý berilýär. Ýerli ilatyň aýtmagyna görä, öwezine berilýän jaýlar maşgala agzalarynyň sanyna ýa-da soňky galdyrylan goşmaça otaglaryň meýdanyna görä däl-de, eýse ozalky tamlarynyň dokumentdäki meýdanyna görä berilýär.

Häzir çenli täze jaý bilen üpjün edilmedik ýaşaýjylar bolsa harabaçylykda, alnyp barylýan gurluşygyň edil alkymynda ýaşamaga mejbur bolýarlar.

“Jaýlarymyzyň ýakynda ýykyljakdygyny, öwezine başga ýerden öý beriljekdigini aýtdylar. Emma, ‘entek ýetişenok’ diýip, täze ýaşara ýer bermeýärler. Biz hem bu tozanyň, tehnikanyň zenzelesiniň aşagynda ýaşap otyrys” diýip, 40 ýaşlaryndaky “Gažanyň” ýaşaýjysy Bägül gürrüň berýär.

Bägül ýol-ýodalaryň petiklenendigi sebäpli, raýondan çykmakda hem kynçylyk çekýändiklerini, uly köçä çykmak üçin batgalyklardan, gum depelerinden aşmaly bolýandyklaryny gürrüň berýär.

Çoganly we Şor

Gepiň gerdişine aýtsak, soňky aýlaryň dowamynda ”Gaža” raýony bilen bir hatarda Aşgabadyň ýene-de ençeme ýaşaýyş massiwleri dolulygyna ýer bilen deň edildi.

13 müň mellek ýeri bolan Çoganly daçalary, 4 müň mellek ýeri bolan Şor daçalary... häzir olardan nam-nyşan galmady. ”Gažanyň” ýaşaýjylaryndan tapawutlylykda ol ýerleriň ilatyna ne kompensasiýa berildi, ne-de ýykylan jaýynyň öwezine alternatiw ýaşaýyş ýeri berildi.

Paýtagtdaky jaýlary ýykmak kampaniýasy resmi taýdan “Aşgabady abadanlaşdyrmak” şygary astynda alnyp barylýar. Bu işler 2017-nji ýylda Aşgabatda geçjek ”Aziýa oýunlaryna” görülýän taýýarlyklaryň çäginde alnyp barylýar.

XS
SM
MD
LG