Sepleriň elýeterliligi

AI: Owganystanda içerki bosgunlar problemasy güýçlenýär


Hyrat şäherindäki "Minaret" lageri.

Hyrat şäherindäki "Minaret" lageri.

Halkara günä geçiş guramasy "Amnesty International" Owganystanda konfliktden gaçyp, ýurduň öz içinde bosgunlyk çekmäge mejbur bolan adamlaryň sanynyň geçen üç ýyllykda iki esseden hem artyp, 1.2 milliona ýetendigini aýdýar.

Düýbi Londonda ýerleşýän hukuk guramasynyň özüniň soňky hasabatynda bellemegine görä, bu sany ýurduň daşynda bosgunlykda ýaşaýan 2.6 million owganlynyň üstüne goşanyňda, onda geçen 40 ýylyň içinde "Owganystandaky maşgalalaryň ählisi diýen ýaly öý-owzaryňdan aýrylmagyň agysyny çekipdir" diýen netijä gelýärsiň.

Raportda öý-owzaryndan aýrylan adamlaryň Owganystanyň öz içinde ýaramly gaçybatalga tapman, iýmit we suw ýetmezçiliginden, saglygy goraýyş çäreleriniň, okuw we iş mümkinçilikleriniň ýoklugyndan ejir çekýändigi aýdylýar.

Lagerler

"Dünýäniň ünsi Owganystandan sowlana meňzeýär, biziň konflikt zerarly yza taşlanan bu adamlaryň agyr ýagdaýyny unutmagymyz mümkin" diýip, Halkara Günägeçiş guramasynyň Günorta Aziýa boýunça direktory Çampa Patel aýdýar.

Geçen birnäçe ýyllykda, aýratyn-da halkara güýçleri 2014-nji ýylda ýurdy terk edeli bäri, Owganystanda howpsuzlyk ýagdaýynyň gitdigiçe durnuksyzlaşmagyna şaýat bolundy. Halkara güýçleri çekilensoň, jeňçi "Talyban" güýçlerine garşy göreşmek işi Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň özüne tabşyryldy.

Gazaply hereketleriň arasynda gabawa düşen parahat ilatyň aglabasy gaçyp, ýurduň öz içinde öý-owzaryny ýitiren adamlar üçin göz öňünde tutulan lagerlerde ýerleşdiler.

Amnesty International guramasynyň Günorta Aziýa boýunça barlagçysy Olof Blomkwist, 2016-njy ýyl barada aýdanyňda, gürrüňi edilýän – her günde müň adam diýýär.

"2016-njy ýylyň bir özünde, ýylyň deslapky birnäçe aýynda ýüz müňden agdyk adam bolmaly. Muny gün boýunça hasaplasaň onda biz günde takmynan müň adamyň gürrüňini edýäris" diýip, Blomkwist nygtaýar.

Hökümetiň beren wadalary...

Hasabat Hyrat, Kabul we Mazary-Şerifdäki lagerlerde, obalarda bosgunlykda ýaşaýan ýüzden agdyk adam bilen geçirilen interwýularyň esasynda taýýarlanypdyr.

Onda üstümizdäki ýylyň başyndan bäri bosgunlaryň sanynyň köpelendigi sebäpli, lagerlerde ýagdaýyň has ýaramazlaşandygy aýdylýar.

"Dogrudanam, bular bir aýylganç ýagdaý sebäpli öý-ilini taşlap gaçmaga mejbur bolup, ýene şolar ýaly aýylganç ýagdaýa düşen adamlar. Bu ýerde olaryň özüni ýa olaryň adam hukuklaryny goraýan ýa olary zerur kömekler bilen üpjün edýän adam ýok" diýip, Blomkwist gürrüň berýär.

Halkara Günägeçiş guramasy ýaňy iş başyna geçen owgan hökümetiniň ýurduň öz içinde bosgunlyk çekýän adamlaryň ýagdaýyny gowulandyrmak üçin täze syýasat ýöretmek barada beren wadalaryna garamazdan, bu adamlaryň ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygyny belleýär.

"Asudalygy dikelden"

Ýewropada immigrasiýa garşy garaýyşlaryň artmagy we bosgun krizisiniň birsyhly dowam etmegi netijesinde käbir adamlar siriýalylardan we yraklylardan tapawutlylykda, owganlar Günbatar güýçleriniň "asudalygy dikelden" ýurdundan gelýär diýen fakta salgylanýarlar.

Ýöne Blomkwistiň bellemegine görä, Günbatarda we NATO ýurtlarynyň ählisinde owgan urşy üstünlikli tamamlandy, NATO we halkara güýçler ýurtda asudalygy ornatdy, ähli zat ýerbe-ýer diýip edilýän wagyzlar gaty howply we hakykatdan uzak gürrüňler.

Blomkwist gysga wagtda: "Biziň konfliktiň ýaýramagyna şaýat bokmagymyz mümkin" diýip duýdurýar.

Ol: "Ýewropada owgan bosgunlaryna köp üns berildi. Olar Ýewropa ýa günorta-gündogar Aziýa aşyp bilýän adamlar. Ýöne bu ýerdäki adamlarda goşuny daňyp, ýurdy terk etmäge serişde ýok, olarda başga ýerlere gitmek üçin gaçakçylara töläre pul ýok. Owganysanyň içinde galmaga mejbur bolan bu adamlar iň garyp adamlar" diýýär.

XS
SM
MD
LG