Sepleriň elýeterliligi

ABŞ terrorçylaryň 'Euro 2016' ýaryşyna hüjüm edip biljegini duýdurdy


Ýöriteleşdirilen polisiýa güýçleri şähere gözegçilik edýärler, Pariž, 20-nji maý, 2016.

Ýöriteleşdirilen polisiýa güýçleri şähere gözegçilik edýärler, Pariž, 20-nji maý, 2016.

ABŞ şu ýylyň tomsunda Ýewropada bolup biljek terrorçylykly hüjümler barada öz raýatlaryna duýduryş berdi. Maglumatda görkezilen nyşanlaryň arasynda Ýewropanyň Fransiýada boljak futbol çempionaty agzaldy.

Bir aýlap dowam etjek “Euro 2016” ýaryşy 10-njy iýunda Parižde başlanar. Oňa iki million çemesi adamyň gatnaşjagy çak edilýär. Ýewropanyň howpsuzlygy bilen bagly aladalanmalar geçen ýylyň noýabr aýynda Parižde bolan terrorçylykly hüjümlerden soň ýokary bolmagynda galýar. Hüjüm zerarly 130 adam wepat bolupdy.

“Biz ABŞ-nyň raýatlaryny Ýewropada uly çärelere, syýahatçylyk ýerlerine, restoranlara, söwda merkezlerine we transporta gönükdirilen potensial terrorçylyk howpy barada hüşgär edýäris” diýip ABŞ-nyň Döwlet departamenti 31-nji maýda syýahatçylyk boýunça çap eden duýduryşynda aýtdy.

Döwlet departamenti aýra başga ýurtlar boýunça şeýle duýduryşlary yzygiderli çap edýär.

XS
SM
MD
LG