Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina YD-nyň iki 'agzasyny' tussag etdi


Ukrainanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Walentin Naliwaýçenko
Ukrainanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Walentin Naliwaýçenko

Ukraina “Yslam döwleti” toparyna degişli bolmakda güman edilýän iki adamy tussag edendigini yglan etdi we olaryň Günbatar Ýewropa syýahat edip, terrorçylykly hüjümleri amala aşyrmagy planlaşdyrandygyny habar berdi.

Ukrainanyň Milli howpsuzlyk gullugy 1-nji iýunda çap eden beýannamasynda Siriýadan bolmagy güman edilýän iki adamyň Harkiw şäherinde tussag edilendigini aýtdy.

Beýannamada agzalan iki adama ady görkezilmedik “goňşy ýurduň” raýaty bolan adamyň kömek berendigi we onuň Ukrainada bikanun bolup, terrorçylykly hereketler üçin Kiýew tarapyndan gözlenýändigi aýdyldy.

AFP agentligi öz çeşmesine salgylanyp, agzalan adamyň Orsýetiň raýatydygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG