Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zähmet migrantlarynyň dynç almak mümkinçilikleri


Tomusky dynç alyş möwsüminde dynç almaga barýan türkmen maşgalasy.
Tomusky dynç alyş möwsüminde dynç almaga barýan türkmen maşgalasy.

Türkiýe türkmenistanly zähmet migrantlarynyň köpçülikde ýerleşen ýurdy bolup, käbir çaklamalara görä, şol ýurtda 40 müňe golaý türkmenistanly zähmet migranty ýaşaýar.

Şol migrantlaryň aglabasynyň kanuny statusy bolmansoň, olar köp halatlarda resmi däl ýagdaýlarda işleýärler we olaryň hak-hukuklarynyň goraglylygy barada hiç hili kanuny kepil ýok.

Şeýlelikde, tomusky dynç alyş möwsümi başlan häzirki pursatda, eýse Türkiýedäki türkmenistanly migrantlaryň dynç alyş şertleri nähili diýen sorag döreýär.

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny Türkiýede işleýän türkmenistanly zähmet migrantlarynyň dynç alyş şertlerine gönükdirýär.

Bu temada taýýarlanjak gepleşige gatnaşmak isleýänler hat@azatradio.org elektronik hat salgysynyň üsti bilen aragatnaşyga geçip bilerler.

Teswirleriňizi bolsa aşakdaky foruma galdyryp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG