Sepleriň elýeterliligi

Ermeni prezidenti türkleriň duýduryşyna ‘gulak asmazlyga’ çagyrdy


Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan

Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan

Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan german kanunçykaryjylaryna ýüzlenip, Türkiýäniň duýduryşlaryna gulak asman, osmanly türkleriň ermenileri köpçülikleýin ýagdaýda gyrmagyny genosid hökmünde ykrar etjek parlament rezolýusiýasyny kabul etmeklerini sorady.

Mundan öň Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bu rezolýusiýanyň netijesinde ikitaraplaýyn gatnaşyklara zeper ýetip biljekdigini duýdurypdy.

Serž Sakrisýanyň “Başga bir ýurduň lideriniň gahary gelendigi sebäpli, ermenileriň genosidini genosid diýip atlandyryp bilmezligiň özi bir adalatsyzlykdyr” diýen sözleri, 1-nji iýunda Germaniýanyň “Bild” neşirinde çap boldy.

German kanunçykaryjylarynyň 2-nji iýunda ýörite rezolýusiýa bilen, mundan bir asyr ozal osmanly türkleriň 1,5 milliona golaý ermenini gyrmagyny genosid hökmünde ykrar etmegine garaşylýar.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklar "bozular"

Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýildirim 1-nji iýunda çykyş edip, bu rezolýusiýany “gülkünç” diýip atlandyrdy.

“Bu ses berişlik gülkünçdir. Bu 1915-nji ýylda, Ikinji jahan urşy döwri ýüz beren adaty wakalaryň biri bolup, ol hakykata hem esaslanmaýar. Türkiýäni muňa jogapkär etjek bolýanlaryň päli-niýeti düzüw däl. Biz muny bilýäris” diýip, Binali Ýildirim belledi.

Şeýle-de Türkiýäniň premýer-ministri bu rezolýusiýa kabul edilse, iki ýurduň gatnaşyklaryna zeper ýetjekdigini duýdurdy: “Elbetde, Germaniýa bilen gatnaşyklarymyza ýaramaz täsir ýeter. Muňa hiç hili şek-şübhe ýok. Emma, biz ýagdaýlaryň bu görnüşde özgermegini islemeýäris. Şol sebäpden, [Türkiýäniň] prezidenti [Rejep Taýyp Erdogan Germaniýanyň kansleri Angela] Merkele jaň edip, biziň nägileligimizi aýan etdi”.

Ermenileriň osmanly türkler tarapyndan gyrgyna berilmegi we deportasiýa edilmegi köp ýurtlar we taryhçylar tarapyndan genosid hökmünde ykrar edildi.

Türkiýe öldürilen ermenlileriň sanynyň has az bolandygyny we munuň Osman imperiýasy tarapyndan ýörite planlaşdyrylman, esýe içerki konfliktiň netijesi bolandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG