Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Çaga zähmetine gözegçilik edilmeýär”


Şu gün, ýagny 1-nji iýunda dünýäniň ençeme ýurdunda bolşy ýaly Türkmenistanda hem “Halkara çagalar güni” bellenilýär. Bu gün mynasybetli ýurduň käbir künjeklerinde köpçülikleýin çäreleriň geçirilýändigi habar berilýär.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanda tomusky dynç alyş möwsüminiň başlamagy bilen, käbir çagalaryň öz dynç alyşlarynda bazarlarda araba sürüp, köçelerde haryt satyp, oba-hojalyk ýerlerini agdaryp, çölde mal bakyp zähmet çekýändigi aýdylýar.

Bu barada Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň Ýeňiş daýhan birleşiginden özüni Agajuma diýip tanyşdyran oba ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi.

please wait

No media source currently available

0:00 0:02:49 0:00

XS
SM
MD
LG