Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Yslam gaýtadan döreýiş” partiýasynyň liderlerine iş kesildi


“Yslam gaýtadan döreýiş” partiýasynyň lideriniň orunbasary Saidumar Husaini
“Yslam gaýtadan döreýiş” partiýasynyň lideriniň orunbasary Saidumar Husaini

Täjigistan gadagan edilen “Yslam gaýtadan döreýiş” partiýasynyň iki liderini ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi, birnäçesi uzak möhletli tussaglyga höküm edildi.

Duşenbäniň sudy partiýanyň lideriniň orunbasarlary Saidumar Husainini we Muhammad Haýyty ömürlük tussaglyga höküm etmek hakyndaky karary 2-nji iýunda çykardy.

Partiýanyň ýokary derejeli agzalaryndan ýene sekiz adam 14 we 28 ýyl aralygynda türme möhletine eýe boldy.

Partiýanyň aklawçysy Zurafo Rahmoni we sud edilen ýeke zenan iki ýyllyk türme tussaglygyna höküm edildi.

Topar öňki goranmak ministri Abduhalim Nazarzoda bilen 2015-nji ýylyň sentýabr aýynyň başynda häkimiýeti basyp almak üçin dildüwüşik gurnamakda şübhelenýär.

Sud işine ýapyk gapylaryň aňrysynda seredildi.

Häkimiýetler “Yslam gaýtadan döreýiş” partiýasyny gozgalaň gurnamakda aýyplaýarlar. Baş sud partiýany “ekstremist we terrorist gurama” atlandyryp gadagan etdi.

Ýurduň daşynda sürgünlikde ýaşaýan partiýanyň lideri Muhiddin Kabiri aýyplamalary ret edýär.

XS
SM
MD
LG