Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan adam gulçulygy boýunça ilkinji bäşlikde


Özbegistanyň pagta meýdanlarynda işleýän ýaşaýjylar.

Özbegistanyň pagta meýdanlarynda işleýän ýaşaýjylar.

Global gulçulyk baradaky täze hasabatda Özbegistan bilen Pakistan häzirki zamanda gulçulyga çekilen adamlaryň sany boýunça dünýäde ilkinji bäşligiň hatarynda durýarlar.

Adamlary pagta meýdanlarynda mejbury işe çekmek bilen Özbegistan gulçulygyň ilat sany boýunça agdyklyk etmeginde dünýäde iň ýaramazlaryň hatarynda ikinji diýip çaklanylýar.

Bu maglumatlar merkezi Awstraliýada ýerleşýän "Walk Free Foundation" atly hökümete degişli däl guramanyň 2016-njy ýyl boýunça 31-nji maýda çykaran "Global Gulçulyk Indeksinde" (Global Slavery Index) berilýär.

Hasabatda bellenmegine görä, tutuş dünýäde gulçulyk şertlerinde ýaşaýan adamlaryň sany häzir 46 million çemesi.

"Walk Free Foundation" guramasynyň başlygy we onuň düýbüni tutanlaryň biri bolan Andrew Forrest 31-nji maýda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda 2016-njy ýyl boýunça çykarylan takmyny hasabyň bu guramanyň 2014-nji ýylda çykaran raportyndakydan 10 million adam kändigini aýtdy.

Gulçulygyň dürli formalary we maksatlary

Forrestiň pikiriçe, gulçulyk dünýäde gitdigiçe artýar, "ýagdaý gowulanyp, ol ahyrsoňy aradan aýrylmazdan öňinçä, ýaramazlaşmagy ähtimal".

"Häzirki zaman gulçulygy" kesgitlemesi mejbury zähmete çekilen adamlary, adam gaçakçylygyny, bergi zerarly dörän baknalygy, jynsy gaçakçylygy, mejbury durmuşa çykarylma we beýleki "gul kimin ezilmek" ýaly ýagdaýlary öz içine alýar.

Derňewiň baş awtory Hull uniwersitetiniň professory Kewin Bales gulçulygy "bir adamyň beýleki adam bilen bolan gatnaşykda zorluk bilen kontrollyk astynda saklanmagy, zorluk bilen gorkuzylmagy ýa psihologik mejburyýet, öz erkin meýlini we hereketiň ýitirmegi, ykdysady taýdan ekspluatirlenmegi" diýip definirleýär.

Onuň aýtmagyna görä, häzirki günde gulçulygyň dürli formalary we maksatlary bar, ýöne netijesi hemişe - beýleki biriniň ezilmegi.

Hasabatda Özbegistanyň häzirki zaman gulçulyk sanawynyň iň ýokarky hatarlarynda durýandygy, sebäbi Daşkentdäki hökümetiň pagta ýygymynda dünýäde döwlet tarapyndan goldalýan iň uly mejbury zähmet sistemasyny ulanýandygy aýdylýar.

Häzirki zaman gulçulygy

Özbek hökümeti mejbury zähmetiň resmi syýasatdygyny inkär edýär. Ol öz ilatynyň bu işi meýletin edýändigini we olaryň ozaldan däp bolup gelýän "ýowara" meýletin gatnaşýandygyny aýdýar.

Ýöne Forrest ýerli hökümet edaralarynyň, mugallymlaryň, kärhanalaryň işçileriniň, döwlet işgärleriniň we doktorlaryň güýzde işlerini taşlap, ençeme hepdeläp pagta ýygmaga gidýändigini aýdýar.

Ýowara gatnaşmakdan boýun gaçyrýanlara jeza we döwlet sektoryna degişli iş ýerinden kowulmak bilen haýbat atylýar.

"Gynansak-da, şunuň özi häzirki zaman gulçulygy" diýip Forrest aýdýar.

Forrestiň bellemegine görä, pagta senagatyndan görülýän peýdany özbek hökümetiniň merkezi ýolbaşçylygy islän ýerine paýlap bilýär. "Bu gazanjy edýän adamlaryň, ýagny pagtany ekýän we ýygnaýanlaryň girdejiniň nähili paýlanmagy hakda pikiri soralanok. Olaryň işi hökümetiň ýumşuny bitirip, girdeji getirmek, özlerine zat ýok".

Global gulçulyk görkezijisinde awtoritar prezident Yslam Kerimowyň hökümetiniň halkara synçy guramalar tarapyndan basyş astyna düşüp, soňky wagtlarda "ýagdaýy gowulandyrmak barada çäre görmäge başlandygy" aýdylýar.

Mejbury zähmet

Ýöne hasabatda 2015-nji ýylda bu Orta Aziýa döwletinde pagta ýygymynda bir milliondan agdyk adamynyň mejbury zähmete çekilendigi aýdylýar.

Ilat sany boýunça adamlary döwrebap gulçulyga çekmekde Özbegistandan ýokarda durýan ýurt diňe Demirgazyk Koreýa diýip raportda bellenýär.

Tutuşlygyna alanyňda, mejbury gulçulyga itilen adamlaryň san taýdan iň ýokary ýurtlary Hindistan, Hytaý, Pakistan, Bangladeş we Özbegistan.

Pakistanyň sanawda ýokary orunda durmagyna sebäp bolýan – gyzlaryň we kamillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň mejbury ýagdaýda durmuşa çykarylmagy.

Raportda häzirki zaman gulçulygyny aşaklatmakda hemmeden az çäre görýän ýurtlaryň Demirgazyk Koreýa bilen Eýrandygy aýdylýar.

Döwrebap gulçulyga we mejbury zähmete garşy göreşde hasabatda taryplanýan topar Horwatiýa, Gürjüstan, Montenegro, Makedoniýa, Moldowa we Serbiýa ýaly ýurtlary öz içine alýar.

Öz ilatyny sistematiki suratda zora ýanap işledýän ýurtlar bolsa, Özbegistan, Türkmenistan, Täjigistan, Belarus, Hytaý, Eritreýa, Demirgazyk Koreýa, Orsýet we Wýetnamdyr.

XS
SM
MD
LG