Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran haja zyýaratçy ibermejegini yglan etdi


Eýranyň Haj we zyýarat boýunça guramasynyň müdiri Saeed Ouhadi
Eýranyň Haj we zyýarat boýunça guramasynyň müdiri Saeed Ouhadi

Eýran şu ýyl haj zyýaratyna öz zyýaratçylaryny ibermejegini resmi derejede yglan etdi we Saud Arabystanyny zyýaratçylary kada laýyk howpsuzlyk şertleri bilen üpjün etmezlikde aýyplady.

Ýakyn Gündogaryň iki ýurdunyň arasynda dartgynly mesele bolmagynda galýan haj geçen ýylda zyýaratyň dowamynda dörän basa-baslykda 2.426 adamyň, şol sanda 400 eýranlynyň heläk bolmagyndan soň has agyrlaşdy.

2015-nji ýylda bolan heläkçilikden soň Eýran howpsuzlyk boýunça goşmaça çärelere kepil geçilmegini talap etdi.

Emma Eýranyň Saud Arabystany bilen şu hepdede geçiren gepleşikleriniň ikinji tapgyry meselä çözgüt getirmedi.

XS
SM
MD
LG