Sepleriň elýeterliligi

Ispaniýa argentin futbol ýyldyzyny sud edýär


Lionel Messi (ç) we onuň kakasy Jorge Horacio Messi (s), Barselona, 2-nji iýun, 2016

Lionel Messi (ç) we onuň kakasy Jorge Horacio Messi (s), Barselona, 2-nji iýun, 2016

Argentinaly futbol ýyldyzy Lionel Messi ilkinji gezek Ispaniýanyň sudunda peýda boldy. Messi we onuň kakasy Jorge Horacio Messi salgytdan gaçmak aýyplamasy boýunça sud edilýärler.

Messiniň we onuň kakasynyň Ispaniýanyň salgyt resmilerini 4.1 million ýewro möçberde aldamakda günäli tapylan ýagdaýynda iki ýyl türme tussaglygyna höküm edilmekleriniň ähtimaldygy aýdylýar.

Emma olaryň tussaglyga höküm edilmän jerime salnyp, geljekde salgyt ýeňilliklerinden mahrum edilmegi has ähtimal.

Forbes žurnalyna görä, Messi geçen onýyllykda dünýäniň iň köp girdejili sportsmenleriniň arasynda onunjy setirde ýerleşýär. Onuň girdejisi 350 million dollar möçberde kesgitlenýär.

XS
SM
MD
LG