Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Demirgazyk Koreýanyň 'pul ýuwmagyna' aladalanýar


ABŞ-nyň Maliýe departamenti
ABŞ-nyň Maliýe departamenti

ABŞ Demirgazyk Koreýanyň halkara maliýe sistemasyndaky hasaplaryna ýakynlaşmak boýunça täze ädimleri ätdi. Emma bu soňky tagallalaryň Phenýanyň ýadro programmasyny çäklendirmek boýunça ozalky hereketlerinden näderejede üstünlikli boljagy nämälim galýar.

ABŞ-nyň Maliýe departamenti 1-nji iýunda Demirgazyk Koreýany “pul ýuwmak aladalarynda” öňde barýan ýurt diýip atlandyrdy. ABŞ-nyň banklaryna Phenýanyň režimi bilen iş salyşmagy gadagan edýän bu hereketiň Demirgazyk Koreýanyň halkara üzňeligini hasam güýçlendirmegine garaşylýar.

ABŞ-nyň bu ädimleri Demirgazyk Koreýanyň 2016-njy ýylyň başyndan bäri amala aşyran ýadro synaglarynyň yzýanyna gabat geldi.

ABŞ-nyň we Günorta Koreýanyň harbylary Demirgazyk Koreýanyň soňky ballistik raketa synaglaryny 31-nji maýda amala aşyrandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG