Sepleriň elýeterliligi

Gollandiýaly syýasy tankytçy hudožnikleriň bir topary, Russiýada “geý” propagandasyna garşy girizilen ýakasy gaýysly çäresini ruslaryň özleriniň kanuny usulda ýazgaryp bilmegi üçin täze bir taslamany orta atdylar.

Olaryň “Raduga” ( “Älemgoşar”) atly programmasy Orsýetde berilýän howa maglumatyny barlap, öz ulanyjylaryna haýsy ýerlerde älemgoşaryň çykjakdygyny öňünden habar berýär. Soňra ulanyjylar älemgoşary surata düşürip, sosial mediada paýlaşyp bilerler. Olar oňşuklylygyň we agzybirligiň simwoly hökmünde älemgoşary saýlap alan lezbi, geý, biseksual we transgenderler (LGBT) toparyna raýdaşlyk bildirmegiň ýekirilmäge getirip bilmejek ýoluny saýlap tutana meňzeýärler.

Bu proýekti esaslandyranlardan biri Sesilia Hendriks, Pýotr Pawlenskä salgylanyp, taslamanyň gowy tarapyny şeýle düşündirýär: “Syýasy ýagdaý bilen bagly pikir prowokasiýa edilip bilner, emma bu taslama, hiç kimiň öz halama-hulamasyny Gyzyl Meýdanda ýere çüýlemän, ony oýun-henek arkaly düşündirýär”.

“Raduga” taslamasy

Pýotr Pawlenskiý 2013-nji ýylda “Russiýanyň häzirki zaman jemgyýetine perwaýsyz garaýyşlara” garşy gurnalan syýasy protestiň guramaçysydyr.

Hendriks bu taslama “has şahyrana we howpy az” diýýär.

2013-nji ýylda Russiýa, ýetginjeklik ýaşyna ýetmediklere “adaty bolmadyk jynsy gatnaşyklary” ýaýratmagy ýa-da “adaty we adaty bolmadyk jynsy gatnaşyklaryň endigan sosial gymmatlyklary barada ýoýulan pikirleri” hödürlemegi gadagan edýän kanun kabul etdi.

“Raduga” taslamasy agzalýan kanun çykanyndan gysga wagt soňra taýýarlandy. 2014-nji ýylda Hendriks we onuň golland kärdeşi Tara Karpinskiý dagylar ikitaraplaýyn Niderlandiýa-Russiýa dostluk ýylyna bagyşlap halk sungat spektaklny döretmek üçin Sankt-Peterburga çagyryldy.

Hendriks “biziň maksadymyz kanunlary gönümel bozman, şol bir wagtyň özünde olaryň bolgusyzlygyna hem üns berip durman, Russiýada diýseň kyn bolan medeniýet merkezlerinde sungat işgärleri toparyny döretmekdi” diýdi.

Sungatçylar

Bäş sany hudožnikden ybarat topar owadan rus zenan eşiklerini geýip, her haýsysy eli gül ekilen küýzeli metronyň töwereklerinde aýlandylar.

Karpinskiý “Hemme zat birkemsiz kanunalaýykdy, ýöne bu täsin görünýär. Bir sagatdan soňra polisiýa bizi yzarlap başlady. Ýöne bizde tussag eder ýaly sebäp ýokdy. Bu aktiwistlik çäginiň içinde bir oýundy” diýýär.

Älemgoşar.

Älemgoşar.

Sungatçylaryň aýtmaklaryna görä, “Raduga” taslamasy hem şol bir jähtde.

“Bu gomofobiýa temasynda ilkinji gezek kamera düşürşimiz bolýar. Biz, esasan, syýasy sungat üstünde işleýäris. Eger-de dünýäniň niresinde halk we häkimiýet arasynda çekeleşikler bolýan bolsa, şol ýerler bilen gyzyklanýarys” diýip, Karpinskiý aýdýar.

Hünärmenler, özleriniň taslamasynyň netijesi hökmünde, Internetde älemgoşaryň suratlary köp görnüp başlasa, bu ugurda eden zähmetlerine degjekdigini aýdýarlar.

Hendriks “Biz hemme taslamalarymyzda tomaşaçylarymyza pikir erkinligi berýäris” diýýär we sözüni şeýle jemeýär: “Biziň ýeke-täk tankyt edilýän ýerimiz: taslamanyň geýleriň hukuklaryny goramak üçin niýetlenendigini açyk-aýdyň aýtmazlygymyz. Ýöne biz bilgeşleýin bu hakynda açyk aýdamzok. Nämedir bir zatdan gorkýanlygymyz üçin däl, eýse, nämedir bir zady jikme-jik aýtman goýmak, bize has ýakymly”.

XS
SM
MD
LG