Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

German deputatlary 'ermeni genosidini' ykrar etdi


German parlamenti, 2-nji iýun, 2016.
German parlamenti, 2-nji iýun, 2016.

German parlamentiniň aşaky palatasy ermenileriň Birinji Jahan urşy döwründe Osmanly türkler tarapyndan köpçülikleýin öldürilmegini «genosid» diýip ykrar etmek baradaky rezolýusiýany tassyk edip, Osman imperiýasyndan soň döredilen Türkiýe döwletini gazaba çykardy.

Bundestagyň deputatlary 2-nji iýunda 1.5 milliona çenli ermeniniň bir asyr ozal Osmanly türk güýçleri tarapyndan köpçülikleýin gyrylandygy baradaky simwoliki rezolýusiýa goldaw bildirdiler.

Diňe bir deputatyň garşy bolan ses berişliginden soň, Türkiýäniň 24 TW kanaly Ankaranyň Germaniýadaky ilçisini konsultasiýa üçin yzyna çagyrandygyny habar berdi.

Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu Ikinji Jahan urşundaky nasist holokostuny nazara alyp, twitterde germanlar öz taryhlaryndaky «gara sahypalaryň» günäsini ýaşyrmagyň çäresini gözleýärler diýdi.

"Taryhy ýalňyşlyk"

Türkiýäniň premýer-ministriniň orunbasary Numan Kurtulmuş bu rezolýusiýany «taryhy ýalňyşlyk» diýip atlandyrdy.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bu ses berişligiň öňünden gaýta-gaýta duýduryş berdi, ýagny bu rezolýusiýa kabul edilse, onuň Ankara bilen Germaniýanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryna zyýan ýetirjekdigini aýtdy.

Emma Ermenistanyň daşary işler ministri Edward Nalbandian bu ses berişligi öwüp, Germaniýanyň diňe ermeni genosidini ykrar etmekde we ýazgarmakda goşant goşman, eýsem geniosidleriň we adamzada garşy jenaýatlaryň dünýä boýunça öňüniň alynmagyna gymmatly goşant goşýandygyny» aýtdy.

Bäş sahypalyk rezolýusiýa «1915-nji we 1916-njy ýyllarda bolan ermeni we beýleki hristian azlyklarynyň genosidini ýatlamaga» çagyrýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkiýe bu gyrgynçylygyň genosid hökmünde häsiýetlendirilmegine berk garşy durýar.

Bu ses berişlik Ýewropa Bileleşiginiň Türkiýe bilen martda baglaşan bosgunlar ylalaşygyna edilýän basyşy has-da güýçlendirýär.

Bosgunlar krizisiniň çözgüdi

German kansleri Angela Merkel, Ýewropanyň bosgun krizisiniň çözgüdiniň bir bölegi hökmünde, konflikt zonasyndan gaçan millionlap siriýalyny we beýlekileri halas etmek üçin, bu ylalaşyga uly yhlas siňdirdi.

Ankaranyň nagt pul we wizasyz syýahat hukuklary, şeýle-de Ýewropa Bileleşigine agzalyk gepleşikleriniň tizleşdirilmegi üçin, bosgunlaryň akymyny peseltmäge razy bolmagy barada Türkiýe bilen baglaşylan ylalaşyk zerarly Merkel öz syýasy bähbitlerini orta goýdy.

German resmileri genosid ses berişliginiň Ýewropa-Türkiýe migrant ylalaşygyna zyýan bermejegine umyt bildirdiler. Şol bir wagtda olar şeýle ähtimallygyň bardygyny gowy bilýärler.

German deputatlary rezolýusiýanyň Birinji Jahan urşy mahalynda German imperiýasynyň, şol wagt Osmanly imperiýasynyň ýaranynyň bu gyrgynçylygy togtatmak üçin hiç zat etmändigini boýun alýandygyny hem bellediler.

Rezolýusiýada Germaniýanyň nasist holokostynyň «ýeke» däldiginden habarlydygy we Germaniýanyň adamzada garşy edilen jenaýatyň öňüniň alynmazlygynda öz oýnan roluna gynanýandygy aýdylýar.

Rezolýusiýa german hökümetini Türkiýäni, ermeni halky bilen ýaraşygyň berk esaslaryny goýmak üçin, «sürgünlikler we gyrgynçylyklar» meselesini açyk çözmäge ruhlandyrmaga çagyrýar.

Türk-germen gatnaşyklary

Merkeliň konserwatiw ýarany, parlament fraksiýasynyň, Hristian demokratik birleşigi/Hristian sosial birleşigi ýaranlygynyň lideri Wolker Kauder bu rezolýusiýa ne türk halkyny, ne-de häzirki türk hökümetini, hiç birini ýazgarmaýar diýip, nygtap aýtdy.

Kauder Germaniýanyň ARD telewideniýesinde çykyş edip, Germaniýa Türkiýe bilen işleşmek isleýär we Türkiýäniň iki million adamy kabul edip, olara esewan bolup, migrant meselesini çözmekde ägirt uly goşant goşýandygyny ykrar edýär diýdi.

Emma syýasy synçylar Awstriýa 2005-nji ýylda häzir Germaniýanyň kabul eden rezolýusiýasy ýaly karar kabul edende, Türkiýäniň Wenadaky ilçisini yzyna çagyryp, gatnaşyklara «hemişelik negatiw täsirleriň» ýetendigini duýdurandygyny belleýärler.

Türkiýäniň premýer-ministri Bilal Ýyldyrym 2-nji iýundabu rezolýusiýanyň Türkiýe bilen Germaniýanyň arasyndaky «dostlugyň hakyky synagy» boljakdygyny aýtdy.

Şeýle-de Ýyldyrym bu ses berişligi «gülkünç» diýip atlandyrdy.

BMG genoside «bir milleti, etniki, jynsy ýa-da dini topary tutuşlygyna ýa bölekleýin ýok etmek» niýetindäki hereketler diýip kesgitleme berýär.

Emma Birinji Jahan urşundan soň Osman imperiýasy bozulaly bäri Türkiýe respublikasynda gurlan hökümetler bu gyrgynçylygyň genosid bolandygyny ret edip geldi.

Ankara ermenileriň Birinji Jahan urşy zerarly turan graždan gowgalary esasynda ölendigini, osmanly dolandyryjylaryň hristian azlygyny gyrmak üçin guramaçylykly kampaniýa geçirmändigini aýdýar.

Türk hökümeti Osman imperiýasynyň ýykylmagy netijesinde köp sanly türk raýatynyň hem ölendigini belleýär.

Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan 1-nji iýunda german deputatlarynyň Erdoganyň duýduryşlaryna üns bermezliklerine çagyrdy.

"Ermenileriň genosidini siz diňe başga bir döwletiň baştutanynyň gahary geljek diýip genosid atlandyryp bilmeseňiz, bu adalatly däl» diýip, Sarkisýan Germaniýanyň «Bild» gazetine aýtdy.

20-den gowrak ýurt, şol sanda Fransiýa, Orsýet, Italiýa, Brazil we Kanada ermenileriň Osmanly türkler tarapyndan öldürilmegini we deportasiýa edilmegini genosid hökmünde häsiýetlendirdi.

Ýewropa parlamenti we ABŞ-nyň 44 ştaty bu öldürmeleri genosid hökmünde ykrar etdi.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG