Sepleriň elýeterliligi

Bir şatlyk, bir gaýgy


Aşgabadyň "Ylham" seýilgähinde Ýylgaý Durdyýewiň ýadygärligi.

Aşgabadyň "Ylham" seýilgähinde Ýylgaý Durdyýewiň ýadygärligi.

Şahyr Ýylgaý Durdyny bir şatlykly, bir-de gaýgyly halda gördüm. Olaryň ikisi-de göz öňümden gidenok.

Galkynyş zamany

50-nji ýyllaryň ahyrynda Staliniň şan-şöhraty, aýratyn-da onuň döreden gorky belasy peselen döwürlerde edebiýata hem sungata ençeme täze güýç gelipdi. Şolardan biri şahyr Ýylgaý Durdy boldy.

“Gülälek” ady bilen ilkinji goşgular ýygyndysy çykdy. Ol çynlakaý poeziýa “Men güneşli ülkeden” ýygyndysy bilen geldi. Şondan soň ol kämilleşýän, ösüp barýan şahyrlaryň hataryna goşuldy. Onuň goşgularyna üns artdy, aýdymlar döredildi.​

Şahyryň goşgular ýygyndylarynyň biri.

Şahyryň goşgular ýygyndylarynyň biri.

Poeziýa bilen barabar proza-da geçip başlady. 1968-nji ýylda çap bolan “Ýaşyl yşyklar” powesti oňa abraý getirdi. Munuň birnäçe sebäbi bardy. Ýaşlaryň durmuşyndan gürrüň berýän bu eser çeper ýazylypdy hem ýeňil okalýardy. Beýleki tarapdan, işçiler temasyndan bolansoň, oňa edebi tankyt aýratyn ähmiýet berdi. Eserde uly durmuş ýoluna başlan ýaş çatynjalaryň maşgala meselesinde gabat gelýän kynçylyklary beýan edilýärdi.

Ý.Durdyýew dermirýolçular durmuşyna ikinji gezek hem ýüzlendi. 1971-nji ýylda “Eneş” powesti çap boldy. Ol uruş ýyllarynyň ýowuz wakalaryny beýan etdi. Eserdäki gahrymanlar kesp-kärleri boýunça demirýol işçileridi.

Iri eserler hem poeziýa

70-nji ýyllarda görnükli döwlet ýolbaşçysy, Türkmenistanyň parlamentiniň ilkinji başlygy Nedirbaý Aýtakowyň ömür ýoly barada uly göwrümli eser ýazmaga girişdi.

N. Aýtakowyň durmuşy Maňgyşlak ýarym adasyndan başlap, Jebelde hem Aşgabatda dowam edýärdi. Şol agyr hem bulaşyk zamanda, Nedirbaý öz ýaşyna garamazdan, halka ýolbaşçylyk etmegi boýnuna aldy. Şeýle beýik şahsyň kemala gelmegini hem ömür ýoluny beýan etmek ýeňil iş däldi.

Ýylgaý Durdy Nedirbaýyň dünýä inen ýeri Maňgyşlakda hem soňraky ýaşan ýerlerinde birnäçe gezek bolup gördi. Şol gözlegler wagtynda beýik ukrain şahyry Taras Şewçenko barada “Alysda ot ýanýar” atly poema-da ýazdy. Sebäbi Şewçenko Maňgyşlakda sürgünde bolupdyr. Ýerli ilat onuň eken agaçlaryny “Şahyryň bagy” ady bilen şindizem gorap saklaýan eken.

Ol ikinji bir tanymal adam, belli lukman, oftalmolog Narzy Nurmämmedowyň ömrüne hem hyzmatyna bagyşlap, “Göz” romanyny döretdi.

Maşgala şatlygy

Ýylgaýyň iki ogly hem bir gyzy bar. Ol gyzyny, ilkinji perzendini aşa gowy görýärdi. “Nowbahar gyzym” diýip, oňa bagyşlap, gowy goşgy ýazypdy. Ýalňyşmasam, kompozitor Aşyr Kuly ol goşgyny aýdyma öwürdi.

Gyzy Ogultäjiň durmuş toýy günlerinde, ol bagtly hem aýratyn şadyýandy. Toýdan öňinçä ol bir goşgy ýazdy. Öz ruhy dünýäsini hem şahyrana ýüregini aňladyp duran bu goşgyny Ýylgaý höwes bilen okaýardy.

Şahyr goşgynyň ahyrynda şeýle diýýär.

Bu jahana gelen baky gelgeýdir,

Şygyr bilen aýdan zadym bolgaýdyr,

Bahar goşa gelse, biri Ýylgaýdyr,

Gök gübürdäp dünýä ýaň salan wagty.

Atlar hem derejeler

1990-njy ýyllarda şahyr Ýylgaý Durdy agyr derde uçrady. Gan basyşy üýtgedi hem ýürekden dert tapyndy. Işe eli barmazlyk, öz göwnündäkini amala aşyryp bilmezlik oňa ruhy çökgünlik berdi.

Ol ruhy peslik derdinden saplanmak üçin, şöhrat ýoluna baş urdy. Prezidenti taryplap eser ýazdy.

Şol döwürler S. Nyýazowyň şahsyýetini taryplamagyň başlangyç zamanydy. Munuň üçin S. Nyýazow ýazyjy-şahyrlara hem sungat işgärlerine bolluk bilen at-dereje paýlaýardy. Şolaryň arasynda Ýylgaýa-da hormatly at berildi.

Ony hormatly ady bilen gutlamaga bardym. Ýöne şatlygyna şatlanman, gaýtam derdini bölüşmeli boldum.

– At aljak bolup, gaty kösendim, inim! – Ol dymyp oturdy. Bokurdagy doldy. Başyny ýaýkady-da: – Ömrümiz dilegçilik bilen, tamakinlik bilen geçdi. Aý, sen aýtma… – diýip, gaýdyp gürlemedi.

Onda şeýle setirler bar.

Eý, Ýaradan, ýaka tutup ýalbarýan,

Pesliklerden şahyr halkyn goragyn.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG