Sepleriň elýeterliligi

Eýran ABŞ, Britaniýa bilen regional meselelerde işleşmek islemeýär


Eýranyň baş lideri Aýatollah Ali Hamenei Tähranda çykyş edýär, 3-nji iýun, 2016

Eýranyň baş lideri Aýatollah Ali Hamenei Tähranda çykyş edýär, 3-nji iýun, 2016

Eýranyň baş lideri Aýatollah Ali Hamenei Tähranyň özüniň esasy duşmanlary ABŞ we “erbet” Britaniýa bilen regional meseleler boýunça hyzmatdaşlyk etmäge hiç hili niýetiniň ýokdugyny aýtdy.

Hamenei 3-nji iýunda döwlet telewideniýesinde eden çykyşynda Waşingtony Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmek boýunça 2015-nji ýylda dünýäniň iň täsirli liderleriniň arasynda gelnen ylalaşygy berjaý etmezlikde aýyplady.

“Olar öz borçnamalaryny berjaý etmezlik üçin bahana hökmünde ... adam hukuklaryny, terrorizmi ulanýarlar” diýip Hamenei aýtdy.

Ylalaşyga laýyklykda Eýranyň ýadro programmasynyň üstündäki işini togtatmagynyň yzýany ýanwar aýynda ýurda garşy ykdysady sanksiýalar aradan aýryldy. Günbatar Eýranyň ýadro programmasynyň bomba döretmeklige gönükdirilen bolmagyny çak edipdi, Tähran muny ret edipdi.

Eýrana garşy sanksiýalaryň ýatyrylmagyndan soň Tähran Günbatar bilen söwda gatnaşyklaryny ýaýbaňlandyryp başlady.

Emma ABŞ-nyň käbir sanksiýalary saklanyp galýar. ABŞ-nyň banklaryna Eýran bilen göni hyzmatdaşlyk etmek gadagan edilýär, sebäbi Waşington Tährany terrorçylygy goldamakda we adam hukuklaryny depelemekde aýyplaýar.

XS
SM
MD
LG