Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Gündogar Ukrainada ýagdaý henizem durnuksyz


ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň adam hukuklary boýunça kömekçisi Iwan Simonowiç
ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň adam hukuklary boýunça kömekçisi Iwan Simonowiç

Gündogar Ukrainadaky ýagdaý iki ýyllap dowam edýän konfliktden soň “üýtgäp durmagynda galýar we adam hukuklaryna uly täsir ýetirýär” diýip BMG-niň täze hasabatynda aýdylýar.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça Baş komissarynyň edarasynyň 3-nji iýunda ýaýradan Ukraina boýunça täze hasabaty ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň adam hukuklary boýunça kömekçisi Iwan Simonowiçiň Ukraina eden ýedi günlük saparynyň yzýanyna gabat geldi. Ol krizisiň “tamamlanmakdan entek daşdadygyny” duýdurdy.

BMG-niň hasabatynda 2.7 million adamyň ýaragly toparlaryň gözegçiligindäki giňişliklerde ýaşaýandygy bellendi we olaryň söz azatlygynyň, bileleşmek we birleşmek hukuklarynyň çäklendirilýändigi, şeýle-de ýaşaýyş şertleriniň agyrdygy aýdylýar.

Hasabatda regiondaky konflikt zerarly 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri wepat bolan adamlaryň sany 9371 adam, ýaralananlaryň sany 21532 adam diýlip görkezildi.

XS
SM
MD
LG