Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe 'genosid' meselesinde has köp çäräni wada berdi


Türkiýäniň premýer-ministri Binaly Ýyldyrym, Ankara, 2-nji iýun, 2016
Türkiýäniň premýer-ministri Binaly Ýyldyrym, Ankara, 2-nji iýun, 2016

Türkiýe Germaniýanyň parlamentiniň bir asyr mundan ozal Osman imperiýasynda ermenileriň gyrylmagyny genosid hökmünde ykrar edýän rezolýusiýany kabul etmegi babatynda çäre görmegi wada berdi.

Türkiýe 2-nji iýunda bolan ses berişligiň yzýany Berlindäki ilçisini yzyna çagydy.

Türkiýäniň premýer-ministri Binaly Ýyldyrym 3-nji uýunda eden çykyşynda Germaniýanyň taryhy “ýalňyşlyk” goýberendigini aýtdy we ony düzetmäge çagyrdy. Ol Ankaranyň amala aşyryp biljek indiki çärelerini takyklaşdyrmady, emma gatnaşyklaryň “düýpden ýaramazlaşyp” biljekdigini belledi.

Taryhçylar Birinji Jahan Urşunyň dowamynda osman türkleriniň 1.5 million ermenini öldürendigini aýdýarlar. Käbir alymlar bu ýagdaýy 20-nji asyryň ilkinji genosidi atlandyrýarlar.

Türkiýe şeýle garaýyşlara garşy çykyş edýär we öldürilen adamlaryň graždan uruşynyň pidalary bolandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG